ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy hüjümleriň bes ediljekdigini we amerikan güýçleriniň "iki-üç hepdäniň dowamynda" ýurtdan çekiljekdigini aýtdy.
Tramp Ak Tamda žurnalistlere beren beýanatynda: “Meniň etmeli zadym Eýrandan çykmak we biz muny gaty tiz wagtda ederis” diýdi.
Tramp, çekilmegiň "belki iki, belki üç hepdede" amala aşyryljakdygyny aýdyp, "Biz gaty tiz wagtda gaýdarys" diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti öz ýolbaşçylygyndaky dolanşygynyň Eýranyň ýadro ýaragyny almagynyň öňüni almak maksadynyň eýýäm ýerine ýetirilendigini aýdyp, "Olaryň ýadro ýaragy bolmaz. Bu maksada ýetildi" diýip beýan etdi.
Tramp şeýle hem ABŞ-nyň hüjümleriniň Eýranyň harby mümkinçiliklerini ep-esli gowşadandygyny we Tähranyň olary täzeden gurmagy üçin "15-20 ýyl" gerek bolup biljekdigini öňe sürüp: "Biz gaty tiz wagtda gideris we Fransiýa ýa-da başga bir ýurt nebit ýa-da gaz almak islese, olar Ormuz bogazyndan geçmeli bolarlar. Olar özleri üçin göreşmeli bolarlar. Aslynda, munuň örän howpsuz boljakdygyny pikir edýärin, ýöne munuň biz bilen hiç hili garabaglanşygy ýok" diýip belledi.
ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy howa hüjümlerini amala aşyrdy we 1340-dan gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.
Eýran Ysraýyla, şeýle hem Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby güýçleriniň ýerleşýän Pars aýlagy döwletlerine garşy uçarmansyz howa ulagy we raketa hüjümleri bilen jogap berdi.
Resmi maglumatlara görä, uruş başlandan bäri azyndan 13 amerikan esgeri öldi.











