Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjan bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmek we ony tassyklamak prosesine ünsi jemlemelidigini aýtdy we munuň Ermenistan döwletiniň dowamlylygynyň esasyny emele getirjekdigini habar berdi.
Paşinýan sosial media hasabyndan paýlaşan gysga wideoda: "Öňümizdäki döwürde Azerbaýjan bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmek we ony tassyklamak prosesine ünsi jemlemelidiris" diýip belledi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Premýer-ministr Paşinýan: "Bu amala aşyrlan mahaly, biz Ermenistan döwletiniň dowamlylygynyň binýadyny goýandygymyzy belläp bileris" diýdi.






















