Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukrainanyň harby goşuny üçin ulanylýan portlara we deňiz ulaglaryna garşy guraýan hüjümleriniň dowam edýändigi nygtaldy.
Beýannamada Odessa portunda Ukrainanyň harby goşunyny ýangyç bilen üpjün edýän ýangyç ammaryna dron hüjüminiň guralandygy ýatladyldy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Mikolaýew portunda bolsa deňiz ulaglarynyň nyşana alynandygy bellenildi.
Beýannamada şeýle hem Gara deňizde Zatoka etrabynyň 8 kilometr gündogarynda harby enjam daşaýan ýük gäminiň nyşana alynandygy nygtaldy.



















