Peruda altyn magdan käninden alnyp gaçylan 13 işgär öli ýagdaýda tapyldy

Poderosa soňky aýlarda bikanun magdan käni bilen baglanyşykly ýaragly toparlar tarapyndan nyşana alynýar.

Peru

Ýekşenbe güni öli ýagdaýda tapylan 13 işgäriň Lima biržasynda iş alyp barýan Poderos altyn magdan käninde işländikleri habar berildi. Poderosa soňky aýlarda bikanun magdan käni bilen baglanyşykly ýaragly toparlar tarapyndan nyşana alynýar.

Perunyň demiragzygyndaky Pataz sebitinde ençeme gün ozal alnyp gaçylan 13 işgär, magdan känleriniň birinde öli ýagdaýda tapyldy. Maglumat Poderosa tarapyndan berildi.

Kärhana ýekşenbe güni beren beýanatynda: “Şu gün irden gözleg işleriniň netijesinde polisiýa halas ediş topary bikanun magdançylar we jenaýatçy elementler bilen bilelikde alnyp gaçylan 13 işçiniň jesedini tapdy” diýip habar berildi.

Magdançylyk, Günorta Amerikasynyň iň uly altyn öndürijilerinden biri bolan Peruda esasy ykdysady hereketlendiriji bolup durýar.

Paýtagt Limadan takmynan 900 km uzaklykda ýerleşýän Pataz, sebitde altyn gazyp almak sebäpli ýüze çykan zorluk sebäpli adatdan daşary ýagdaý sebiti.

Kärhana: “Patazda gözegçiliksiz zorlugyň möwjemegi adatdan daşary ýagdaý yglan edilendigine we sebitde uly polisiýa güýçleriniň bardygyna garamazdan dowam edýär. Gynansagam, bu sebitdäki howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagyna päsgel bermedi” diýip belledi.

Perunyň Içeri işler ministrligi jenaýatlary derňemek üçin ýörite toparlary sebite gönükdirendigini we wekilleriň “şertler zerur bolan halatynda ýaraglaryny ulanmak ygtyýaryna doly eýediklerini” mälim etdi.