ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iýun aýynda Ankarada geçiriljek NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy.
Wekiller palatasynda çykyş eden Rubio, Ankarada geçiriljek sammitiň guramanyň taryhyndaky iň möhüm sammitlerden biri boljakdygyny nygtady.
Döwlet sekretary Rubio “ABŞ henizem NATO-nyň agzasy we sammite gatnaşarys” diýdi.
Guramanyň düzümine üýtgetme girizilmelidigini aýdan Rubio iýul aýynyň 7-8-i aralygynda Türkiýäniň paýtagtynda geçiriljek sammitde bu meseleleriň seljeriljekdigini nygtady.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iýul aýynyň 7-8-i aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Prezident R. T. Erdoganyň geçen aý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Trampyň her gezeginde sammite gatnaşjakdygyny aýdandygyny nygtady.
Ministr Fidan Waşingtonyň NATO-nyň hataryndan çekilmek isleýändigini görkezýän hiç hili alamatyň ýokdygyny aýtdy.
Beýannamasynda sebitara we halkara meseleler hakynda hem durup geçen Hakan Fidan, Ankaranyň ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçirilýän gepleşiklere goldaw berýändigini belledi.
Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň Liwanyň günortasynda Hizbullahy nyşana alýan hüjümleriniň gepleşiklere zeper ýetirip biljekdigini aýdan Hakan Fidan, “Amerikalylaryň we eýranlylaryň içgin herket edýändiklerine ynanýarys. Olar atyşygyň bes edilmegi we Ormuz bogazynyň açylmagyny isleýär. Emma Ysraýylyň niýetini bilmeýäris” diýdi.















