SYÝASAT
2 minut okamak
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Prezident R. T. Erdogan DKTR-da geçirlen prezident saýlawynyň netijesiniň iki ýurt hem-de sebit üçin bähbitli bolmagyny umyd edýändigini aýtdy.
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy / AP
20 Oktýabr 2025

Jemhuriýetçi Türk partiýasynyň lideri Tufan Erhurman ýekşenbe güni DKTR-da geçirlen prezident saýlawynda ulu üstünlik gazandy.

Ýokary saýlaw geňeşiniň alynky netijelerine görä, Tufan Erhurman saýlawda sesleriň 62,76 göterimini alyp DKTR-nyň täze prezidenti boldy.

DKTR-nyň häzirki prezidenti Ersin Tatar bolsa sesleriň 35,81 göterimini aldy.

Ýokary saýlaw geňeşiniň alynky netijelerine görä saýlawa bolan gatnaşyk 64,87 göterim boldy.

Erhurman saýlawyň alynky netijeleriniň belli bolmagyndan soň eden çykyşynda “Daşary syýasatda Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ederis” diýdi.

Türkiýe Erhurmanyň saýlaw ýeňişini gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, DKTR-da geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Tufan Erhurmany gutlady.

Prezident Erdogan sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Şu gün DKTR-da geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä prezidentlige saýlanan Jenap Tufan Erhurmany gutlaýaryn. DKTR demokratik kämilligini ýene-de bir gezek görkezdi. Kiprli türk doganlarymyzyň beren sesiniň ýurtlarymyz we sebitimiz üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Türkiýe hökmünde DKTR-nyň özygtyýarlyk hukugyna we bähbitlerine kiprli türk doganlarymyz bilen birlikde ähli platformada goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz hem “Enewatan we hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-da goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

DKTR-nyň saýlawçylary düýn 08.00-da halkara wagt boýunça sagat 05.00-da ses bermäge başlady.

Ýurduň çar tarapyndan 777 saýlaw merkezinde başlan prezident saýlawy sagat 18-00-a çenli dowam etdi.

DKTR-nyň prezidentligi üçin häzirki prezident Ersin Tatar garaşsyz dalaşgär hökmünde, oppozisiadaky Jemhuriýetçi Türk partiýasynyň lideri Tufan Erhürman bilen birlikde Mehmet Hasgüler, Arif Salih Kyrdag, Ahmed Boran, Ibrahim Ýazyjy we Osman Zorba bäsleşdi

Dalaşgärlerden Hüseýin Gürlek şenbe güni beren beýannamasynda dalaşgärlikden çekildi we Ersin Tatara goldaw berýändigini mälim etdi.

Tufan Erhurman kim?

DKTR-nyň täze Prezidenti Tufan Erhurman Lefkoşada dogrulýar we 1988-nji ýylda Türk Magarif koležini tamamlaýar.

1992-nji ýylda Ankara uniwersitetiniň Hukuk fakultetini tamamlan Erhurman Ankara uniwersitetinde, Hajettepe uniwersietinde we Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetinde ders berýär. Ombudsman ulgamy we kazyýetden daşary gözegçilik boýunça doktorlyk derejesini alýar.

2005-nji ýylda döwrüň Prezidenti Mehmet Ali Taladyň liderliginde gurlan Göçürilmesiz emlak komissiýasynyň gurulmagynda uly rol oýnady.

2013-nji ýylda Jemhuriýetçi Türk partiýasy tarapyndan Lefkoşa halk deputatlygyna saýlanan Erhurman 2014-nji ýylda dosent derejesini alýar.

Erhurman 2015-nji ýylda Jemhuriýetçi Türk partiýasynyň Baş sekretary bolýar. 2016-njy ýylda partiýanyň liderligine saýlanan Erhurman 2018-nji ýylda dörtlü şäriklik hökümetiniň Premýer-ministri bolýar.

Iňlis dilini gowy bilýän Erhurman maşgalaly we bir çaganyň atasy.

 

 

 

 

Öwren
Eýranyň lideri boýun egmejekdiklerini aýtdy we goňşy ýurtlardan ötünç sorady
Türkiýe Ýakyn Gündogardaky raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görýär
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy
Fotohabar: ABŞ bilen Ysraýyl Eýrana garşy harby hüjüm başlatdy
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Tramp ABŞ-nyň Eýrana garşy giň gerimli söweş başladandygyny habar berdi
Dünýäniň ünsi ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerine gönükdi
Kanada Eýrandaky raýatlaryna ýurdy terk etmeklerini maslahat berdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Russiýa: Parahatçylyk Geňeşi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň rolyna zeper ýetirip biler