Türk Dil Guramasy 2025-nji ýylyň sözüni yglan etdi: “Sanly wyždan”

Türk Dil Guramasy bu sözüň sanly döwürde wyždanyň, jogapkärçiligiň we hereketiň nähili uzaklaşdyrylyp, diňe bir "klik" düwmesine öwrülendigini görkezýändigini aýdýar.

By
Sanly wyždan

Türk Dil Guramasy 2025-nji ýylyň sözi hökmünde “Sanly wyždan” sözüni saýlady.

Türk dili guramasyna görä bir adamyň öz hereketlerini seljermäge we ahlak gymmatlyklary barada oýlanmaga iterýän duýgy hökmünde kesgitlenen "wyždan" sözi sanly döwürde başga bir ölçege eýe boldy.

Türk dili guramasy tarapyndan berlen beýanatda: "Adamlar köplenç sosial mediada hakyky durmuşda jogapkärçiligi öz üstüne almaýan ýa-da almak islemeýän meseleler barada bir zady paýlaşmak ýa-da halamak arkaly wyždanlaryny rahatlandyrmaga meýilli bolýarlar. Bu ýagdaý şahsy duýgurlygy passiwleşdirýär we wyždany basylyp bilinýän proses derejesine düşürýär" diýip bellendi.

Türk dili guramasy internet ulanyjylarynyň layklar, paýlaşmalar we teswirler arkaly özleriniň "ynsanperwer borçlaryny" ýerine ýetirýändiklerini duýup biljekdiklerini, ýöne merhemet we ynsap duýgularyny simwoliki taýdan görünýän görnüşi bilen çäklendirýändiklerini beýan etdi.

Beýanatda: "Şonuň üçin sanly wyždan düşünjesi biziň döwrümizde sanly gurşawda wyždanyň öz üstüne alan bu täze, köplenç ýalňyşdyryjy funksiýasyny beýan edýän zerur düşünje hökmünde dilimizde öz ornuny tutmalydyr" diýilýär.

Türk dili guramasynyň maglumatlaryna görä, sanly wyždan adamlaryň anyk hakykatlaryň öňünde anyk çözgütleri döretmegine päsgel berýär, şeýlelik bilen mesele meýdançasynyň giňelmegine we çuňlaşmagyna sebäp bolýar.

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý duşenbe güni merkezi ABŞ-da ýerleşýän “X” sosial mediasyndan beren beýanatynda, bu söziň takmynan 300 müň adamyň ses bermegi netijesinde saýlanandygyny aýtdy.

"Sanly wyždan biziň şahsy we jemgyýetçilik duýgularymyzy görkezýän güýçli düşünje hökmünde tapawutlanýar" diýip aýdan Mehmet Nuri Ersoý sanly döwürde wyždanyň diňe bir "klik" düwmesine öwrülendigini beýan etdi.