SYÝASAT
1 minut okamak
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Eýran Prezidenti Pezeşkiýan Eýranyň indi ABŞ-a ynamyň ýokdugyny aýtdy.
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşygynda “Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar” diýdi.

Eýran tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Pezeşkiýan, BMG-niň Baş sekretary Guterriş bilen duşuşdy.

Pezeşkiýan duşuşykda Guterrişe “Eýran gepleşiklere garşy däl emma tejribelerine görä indi ABŞ-na ynanmaýar” diýdi.

Ýurdunyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny isleýändigini ýatladan Pezeşkiýan “Eýran daşarky basyşlara boýun egmez” diýdi.

BMG-niň Baş sekretary Guterriş, dartgynlygyň gowşamagy üçin syýasy we diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň dowam etdirilmelidigini belledi.