ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Ankarada geçirlen NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitinden soň metbugata beýannama berdi.
Ankara sammiti hakynda öwgüli sözler aýdan Tramp “Hemme zat örän gowy. Hakykatdan hem netijeli duşuşyk geçirdik” diýdi.
Tramp: “Prezident Erdogan güýçli lider. Sammit diýseň gowy geçdi. Hakykatdan hem netijeli maslahat geçirdik” diýip belledi.
Eýranyň Ormuz bogazynda söwda gämilerini nyşana almagyndan soň ABŞ-nyň Eýrana garşy hüjüm başladandygyny ýatladan Tramp; “Düýn gije olary nyşana aldyk. Şu gije hem Eýrana garşy uly hüjüm gurap bileris”diýdi.
Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerine ünsi çeken Tramp, Tähran bilen geçirlen gepleşikleriň özenini ýurduň ýadro meýilnamasynyň emele getirendigini ýatlatdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Tram “Diýseň ýönekeý, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermeris” diýip belledi.






















