SYÝASAT
2 minut okamak
Maduro ABŞ bilen çuňlaşýan dartgynlyk şertlerinde “baky wepadarlyk” kasamyny etdi
Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy ABŞ-nyň harby gysyşyny ýazgardy, “gul barlyşygyny” ret etdi we Waşingtondan abanýan howplar ünsleri çekdi
Maduro ABŞ bilen çuňlaşýan dartgynlyk şertlerinde “baky wepadarlyk” kasamyny etdi
Maduro ABŞ bilen çuňlaşýan dartgynlyk şertlerinde “baky wepadarlyk” kasamyny etdi / Reuters
2 Dekabr 2025

Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro ABŞ-nyň hökümeti bilen möwç alýan dartgynlyk şertlerinde Wenesuelanyň halkyna “baky wepaly” boljakdygyna söz berdi.

Duşenbe güni hâkimiýet başyndan PSUW partiýasynyň aktiwistleri bilen geçirilen duşuşykda çykyş eden Maduro Gugo Çaweziň mirasyna we Wenesuelanyň özygtyýarlylygyny goramaga ygrarlydygyny aýtdy.

Maduro serkerdämiz Çaweziň ýagty ýadygärliginiň öňünde kasam edişi ýaly, şu gün hem şu ajaýyp we buýsançly taryhymyzy dowam etdigi saýyn size baky wepaly boljakdygyma kasam edýärin. Ynanyň, sizi hiç haçan ýolda goýmaryn” diýdi.

Maduro bu beýanaty Waşingtonyň Karakasa edýän gysyşynyň güýjeýän günlerine gabat geldi.

ABŞ sentýabr aýyndan bäri Karip deňizinde gündogar Ýuwaş ummanda neşe söwdasyny edýän şübheli gämilere 21 hüjüm gurady. Şol hüjümlerde azyndan 83 adam ýogaldy.

Tramp şeýle hem operasiýalaryň guryýerde-de geçiriljekdigini duýdurdy. Wenesuelanyň howa giňişliginiň “ýapyk hasap edilmelidigini” beýan etdi we Waşingtonyň Maduronyň hem degişli bolandygyny öňe sürýän “Kardel de los Soles” kartelini daşary ýurt terror guramasy diýip, yglan etdi.

Maduro bolsa günäkärlemeleri kabul etmeýär.

“Gul barlyşygy däl”, garaşsyz parahatçylyk

Maduro Karakasda geçirilen beýleki bir mitingde Wenesuelanyň “özygtyýarly, deň derejeli, azat” şertlerde parahatçylyk isleýändiginiwe mzğnş “gul barlyşygy” diýip häsýetlendirýän zadyny kabul etmeýandigini aýtdy.

Maduro ýurdunyň “psihiki terror hökmünde häsýetlendirilmäge degişli 22 hepdelik hüjüme” sezewar bolandygyny, ABŞ-nyň sebite deňiz güýçlerini getirmeginiň maksadynyn hökümetini durnuksyzlaşdyrmakdan ybaratdygyny öňe sürdi.

Maduro “Biz parahatçyyk isleýäris. Emma özygtyýarly, deň derejeli, azatlyk şertlerinde. Gul barlyşygynam, kolonial barlyşygam islemeýäris. Wenesuelanyň halky watana bolan söýgüsini görkezdi” diýdi.

Tramp ýekşenbe güni giňişleýin maglumat bermän, gysga wagt mundan ozal Maduro bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.

Maduro bolsa Tramp bilen gönüden duşuşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşenbe güni Karakasda ýüzlerçe adam ABŞ-nyň abaý-syýasatyny protest etmek üçin ýöriş geçirdi.