Russiýa Ukrainanyň möhüm şäheri Pokrowsky basyp alandygyny öňe sürýär
Putin Pokrowskyň basylyp alynmagynyň rus goşunynyň öz maksatlaryna ýetmegi taýdan möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Pokrowsk şäherini we demirgazyk-gündogaryndaky Wowçansk şäherini basyp alandygyny aýan etdi. Kreml bu baradaky maglumatlary duşenbe güni Telegramdan aýan etdi we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky uruşy bes etmek üçin gepleşiklerde Waşingtonyň goldawyny almaga synanyşýan Ukrainany
Russiýanyň habarlar agentlikleriniň habaryna görä, Prezident Wladimir Putin Ukraina garşy hüjümde möhüm nyşana bolan Pokrowskyň ele geçirilmeginiň goşunyň öz maksatlaryna ýetmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Putin ştab merkezleriniň birine baryp görende eden çykyşynda: "Bu örän möhüm liniýa. Onuň nähili möhümdigini hemmämiz bilýäris. Bu waka ýörite harby operasiýanyň başynda goýan maksatlarymyzyň indiki tapgyrlarda ýerine ýetirilmegini üpjün eder" diýdi.
Putin şeýle hem: "Russiýanyň ýaragly güýçleri insiatiwany ynamly ýagdaýda öz elinde saklaýar we operasiýanyň maksatlaryna ýetmegini dowam etdirýär. Rus goşunlary ähli ugurlarda diýen ýaly öňe barýar" diýip belledi.
Rus lideri Ukrainanyň rus goşunynyň öňe gidişligine reaksiýa görkezmeýändigini öňe sürdi we Zaporožiýäniň günorta sebitinde gazanylan üstünlikleri nygtady.
Putin söweşlerde agyr ýitgi çeken Ukrainanyň goşunlarynyň ýagdaýyny "ukrain halkynyň tragediýasy" hökmünde häsiýetlendirdi.
Kreml ýekşenbe güni Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowyň Putine "rus dilinde Krasnoarmeýsk diýip atlandyrylýan Pokrowsk we Wowçansk şäherleriniň azat edilendigini" habar berendigini aýtdy. Krasnoarmeýsk Pokrowskyň rusça ady.
Russiýanyň Goranmak ministrligi rus esgerleriniň Pokrowsk şäheriniň merkezi meýdançasynda milli baýdagy galdyrýan wideosyny paýlaşdy.
"Möhüm ädim"
Uruşdan öň ilaty takmynan 60 müň bolan Donetsk sebitindäki awtoulag we demir ýol merkezi bolan Pokrowsk soňky aýlarda Russiýanyň güýçli hüjümleriniň nyşanasynda bolupdy.
Ukraina geçen aý şähere goşmaça harby güýçleri, şol sanda ýörite harby güýçleri iberdi, ýöne ýüzlerçe rus esgeriniň şähere aralaşmagynyň öňüni alyp bilmedi.
Harkow sebitindäki Wowçansk 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri dowam edýän agyr söweşler sebäpli weýran ýagdaýda.
Russiýanyň Goranmak ministri Andreý Belousow Wowçanskyň ele geçirilmegini "ýeňişe tarap möhüm ädim" diýip häsiýetlendirdi.