ABŞ-nyň harby-deňiz güýçlerine degişli 2 uçar Günorta Hytaý deňzinde heläkçilige uçrady
ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri 30 minudyň dowamynda bolan iki uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňeýär.
Ýekşenbe güni günortadan soň ABŞ-nyň uçar gämisi USS Nimitze degişli harby uçar bilen bir dikuçaryň Günorta Hytaý deňzinde 30 minudyň dowamynda heläkçilige uçrandygy habar berildi.
Mesele hakynda berlen beýannamada, MH-60R Sea Hawk dikuçaryndaky üç ekipažyň halas edilendigi, F/A-18 F Hornet harby uçaryndaky iki uçarmanyň halas edilendigi, 5 hünarmeniň saglyk ýagdaýynyň durnuklydygy nygtaldy.
Beýannamada, iki heläkçiligiň sebäbiniň deňelýändigi bellenildi.
USS Nimitz tomus aýlarynda Ýemendäki Husileriň söwda gämilerine guran hüjümlerine garşy Ýakyn Gündogarda iş alyp baradan soň Waşington ştatyndaky esasy portuna yzyna dolanýardy.
Uçar gänisi USS Harry S Truman hem soňky aýlarda Ýakyn Gündogardaky wezipesiniň çäginde birnäçe kiçi heläkçiligi başdan geçirdi.
Dekabr aýynda USS Gettysburg raketa kruizi ýalňyşlyk bilen Trumandan uçan F/A-18 uçaryny urup düşürdi.
Aprel aýynda başga bir F/A-18 harby uçary Trumanyň angar gözeneginden süýşüp Gyzyl deňize gaçdy.
Maý aýynda bolsa Gyzyl deňizdäki uçar gämisine gonmaga taýarlanýan F/A-18 uçar gämisi, uçarlary saklamak üçin ulanylýan polat kabelleri tutup bilmändigi sebäpli deňze gaçypdy.
Heläkçilikleriň hiç birinde adam pidasy başdan geçirilmedi.
Heläkçilikler boýunça geçirlen derňewleriň netijeleri barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.