SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina: “ABŞ bilen Saud Arabystanynda geçirlen gepleşikler netijeli geçdi”
Kreml, Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin gepleşikleriň başlandygyny we öňlerinde çekeleşikli gepleşikleriň bardygyny mälim etdi.
Ukraina: “ABŞ bilen Saud Arabystanynda geçirlen gepleşikler netijeli geçdi”
24 Mart 2025

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow, ýekşenbe güni Saud Arabystanynda ABŞ-nyň resmi wekiliýeti bilen netijeli gepleşik geçirendiklerini we esasan energetika pudagy hakynda pikir alyşandyklaryny mälim etdi.

Umerow sosial mediadan beren habarnamasynda “Esasan energetika pudagy bilen arabaglanlykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk”diýdi.

Umerow, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýa bilen 3 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin başladan diplomatik başlangyjynyň çäginde geçirlen gepleşiklerde Ukrain wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Stiw Witkoff, Saud Arabystanynda geçirlen möhüm gepleşikleriň öňüsyrasynda beren beýannamasynda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň üç ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegini isleýändigine ynanýandygyny nygtady.

Ýekşenbe güni Fox Nýusa beýannama beren Witkoff “Meniň pikirime görä ol hem parahatçylyk isleýär” diýdi.

Saud Arabystanynda Ukrainaly ýolbaşçylar bilen geçirlen gepleşiklerde, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda atyşygyň bölekleýin bes edilmegi meselesi seljerildi. Amerikaly we Russiýaly ýolbaşçylar hem duşenbe güni Saud Arabystanynda aýry gepleşik geçirer.

Witkoff, “Duşenbe gün Saud Arabystanynda, esasan Gara deňizde gämilere guralýan hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyljakdygyna ynanýaryn”diýdi.

Putin geçen hepde Ukrainanyň energetika desgalaryna guralýan hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegini kabul edipdi, emma Trampyň, yzygiderli parahatçylygyň ilkinji ädimi kabul edilýän 30 günlük ylalaşygy tassyklamagy ret etdi. Ukraina bolsa Trampyň 30 gün möhlet bilen atyşygyň bes edilmegi baradaky teklibini kabul etdi.

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär