BMG Ysraýylyň Siriýadan basylyp alnan Golan belentliklerinden çekilmegini talap edýär

123 ses bilen kabul edilen kararda Ysraýylyň anneksiýasynyň 'hiç hili güýjüniň ýokdugy' we sebitleýin parahatçylyga päsgelçilik döredýändigi aýdylýar.

By
BMG Baş Assambleýasy Ysraýyldan basyp alnan Siriýanyň Golan belentliklerinden çykmagyny talap edýär. / AP

BMG-niň Baş Assambleýasy Siriýanyň Golan belentlikleriniň Isrýyl tarapyndan basylyp alynmagyny we faktiki anneksiýasyny "bikany" diýip yglan edýän karary kabul etdi we Ysraýyldan 1967-nji ýylyň 4-nji iýunyndaky serhedine doly çekilmegi talap edýär.

Müsir tarapyndan hödürlenen taslama tekst sişenbe güni 123 ses aldy, taslama 7 ýurt garşy ses beren bolsa, 41 ýurt ses bermekden saklandy.

 Kararda Israýylyň 1981-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen basylyp Siriýa Golanynda öz "kanunlaryny, kazyýet ygtyýaryny we dolandyryşyny" ornaşdyrmak baradaky kararynyň "yok hökmündedigi we hiç hili hukuk güýjüne eýe däldigi" beýan edilýär.

Kararda Ysraýyldan BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli kararlaryny durmuşa geçirmekligiň çäginde Siriýa Golanyndan 1967-nji ýylyň 4-nji iýunyndaky liniýa doly çekilmegi ýene-de bir gezek talap edilýär ve Ysraýylyň dowam edýän basyp alyşynyň we faktiki anneksiýasynyň sebitde adalatly, giň gerimli we durunukly parahatçylygy ýola goýmagyň öňünde päsgelçilik döredýändigi” nygtalýar.

Siriýanyň BMG Howpsuzlyk Geňeşindäki wekili Ibrahim Alali sişenbe güni basylyp alynan Golan belentlikleriniň Siriýanyň territoriýasydygyny beýan edip, ýurduň ony Ysraýyldan doly yzyna gaýtaryp almak hukukyny nygtady.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki “Al-Ikhbariyah” teleýaýlymy Alaliniň sözlerine salgylanyp: "Ysraýyl bilen geçiren gepleşiklerimiz Prezident Donald Trumpyň gözegçiliginde guralyp, taraplaryň howpsuzlyk boýunça aladalaryny çözmek maksady bilen alnyp baryldy" diýdi.

Ol Siriýanyň parahatçylykly we diplomatik çemeleşmeleri ileri tutýandygyny nygtady.

Alali, " Ysraýyl bilen geçirilen gepleşiklerde basylyp alynan Siriýa Golanynyň geljegi hakynda pikir alyşylmady " diýdi.

Siriýanyň wekili basylyp alynan Siriýa Golanynyň arab-Siriýa territoriýasydygyny we ýurdunyň ony yzyna gaýtarmak üçin doly hukuga eýedigini nygtady.

Ysraýyl 1967-nji ýyldan bäri Golan belentliklerine eýeçilik edip gelýär we basyp alyşyny Başar al Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Günorta Siriýada ara zolaga we Hermon dagyna tarap  hem giňeldi.

Ysraýyl soň bolsa iki tarapyň arasynda 1967-nji ýylda kabul edilen çekilmek hakyndaky ylalaşygyň güýjüni ýitirendigini yglan etdi.