Eýran: ABŞ topraklarymyza harby goşun ornaşdyran halatynda “ikinji Wiýetnam wakasy” ýüze çykyp biler

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Said Hatibzada ABŞ-nyň esgerleriniň Eýrana ornaşdyrylmagynyň çaknyşygyň möwjemegine we ikinji Wiýetnam wakasynyň başdan geçirilmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

By
Eýran: ABŞ topraklarymyza harby goşun ornaşdyran halatynda “ikinji Wiýetnam wakasy” ýüze çykyp biler / AP

Eýranly resmi duşenbe güni  “Ský Nýus” teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Wiýetnamda başdan geçirlen wakalara ünsi çekdi we amerikan esgerleriniň Eýranda şuňa meňzeş wakany başdan geçirip biljekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Said Hatibzada Eýranyň söweşmäge dowam etjekdigini we häzirki wagtda diplomatik çözgüde oňyn garamaýandyklaryny belledi.

Gepleşiklere sowuk sala çemeleşmedik Hatibzada, çaknyşyklary doly bes etjek teklibiň hödürlenmeginiň ABŞ we ýaranlaryna baglydygyny nygtady.

Ysraýyl ABŞ urşa sokdy

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Said Hatibzada, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuny ABŞ-ny urşa sokmakda günäkärledi.

Eýranyň täze dini lideri Mojtaba Hameneiniň saglygy barada hem durup geçen Hatibzada, dini lideriň saglygynyň gowydygyny we wezipesini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümlerinde ýurduň ozalky dini lideri Ali Hamenei bilen birlikde 1300-den gowrak adam ýogaldy.

Eýran hem Ysraýyla, Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby bazalaryna ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna dron we raketa hüjümlerini guraýar.