DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde Maharaştranyň Wise-premýeri bilen birlikde 4 adam aradan çykdy
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Maharaştranyň Wise-premýeri Ažit Pawaryň uçar heläkçiliginde ýogalmagyna uly gynanç bildirýändigini aýtdy.
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde Maharaştranyň Wise-premýeri bilen birlikde 4 adam aradan çykdy
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde Maharaştranyň Wise-premýeri bilen birlikde 4 adam aradan çykdy / Reuters
28 Ýanwar 2026

Ýolbaşçylar Hindistanyň günbatarynda ýerleşýän Maharaştranyň Wise-premýeriniň çarşenbe güni ir ertir bolan uçar häläkçiliginde ýogalandygyny mälim etdi.

All İndia Radioasynyň berýän habaryna görä, Ažir Pawary alyp giden hususy uçar Maharaştranyň Baramati şäherinde heläkçilige uçrady.

Uçar heläkçiliginde ikisi ekipaž jemi 4 adam ýogaldy.

Premýer-ministr Narendra Modi Pawaryň uçar heläkçiliginde ýogalmagyna uly gynanç bildirdi.

Modi X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Pawar halkyna hyzmat etmegi halaýan ýolbaşçydy we halky tarapyndan halanýardy. Maşgalasyna we halkyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.

Premýer-ministr Modi uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Pawaryň Hindistanyň maliýe merkezi Mumbai şäherinden uçan uçarynyň Baramati şäherine gyssagly gonmaga çalşandygyny habar berdi.