Ysraýylyň harby goşuny, Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherinde tunelden çykandyklaryny öňe sürüp 5 palestinlini öldürendigini mälim etdi.
Harby goşun tarapyndan anna güni berlen beýannamada, Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäheriniň gündogarynda ýerastyndan çykan ýaragly 5 adamyň ýeriniň anyklanylandygy öňe sürüldi.
Rafah şäheri 10-njy oktýabrda güýje giren ylalaşygyň çäginde Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan basylyp alynan “sary liniýanyň” gündogarynda ýerleşýär.
Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Rafahdaky tunelleriň birinde 200-e golaý Hamasly başbozaryň bardygyny we Tel-Awiwiň häzire çenli Palestinli söweşjeň topar bilen töwellaçylardan ybarat şol adamlara, Gazada guramanyň gözegçiligi astyndaky sebitlere howpsuz ýagdaýda geçmekleri üçin beren talaplaryna jogap bermändigi nygtalýar.
Ysraýylyň harby goşuny 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müň adam ýogalmagyna, 170 müňden gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.











