DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi SENTKOM, Eýrana guralýan hüjümlerde 6 esgeriň ýogalandygyny, ýogalanlaryň sahsyýetleri hakynda hossarlaryna habar berilmeginden 24 sagat soň maglumat beriljekdigini mälim etdi.
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy / AP
Duş 2 Ýek

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi SENTKOM, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerinde ýogalan ýene-de 2 esgeriň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

SENTKOM duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “2-nji martda sagat 16.00-a çenli 6 esgerimiz ýogaldy. Amerikan güýçleri Eýranyň sebitdäki ilkinji hüjümlerinde nyşana alynan desgada ozal ýitendigi anyklanan 2 esgeriň jesedini tapdy” diýdi.

Habarnamada hüjümleriň dowam edýändigi we ýogalanlaryň sahsyýetleri hakynda hossarlaryna habar berilmeginden 24 sagat soň maglumat beriljekdigi nygtaldy.

SENTKOM duşenbe güni ir ertir Eýranyň ilkinji hüjümlerinde agyr ýaralanan 1 esgerden soň 4 esgeriň ýogalandygyny aýan edipdi.

JBS Nýus amerikaly resmä esaslanýan habarynda 6 esgeriň hem hepdäniň ahyrynda Eýranyň guran hüjümi sebäpli Kuweýtde öldürlendigini habar berdi.

Şenbe gününden bär, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli amerikaly 18 esgeriň ýaralanandygy nygtalýar.

ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümi dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde eýranly birnäçe resminiň ýogalmagyna sebäp boldy.

Tähran hem ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezleriniň başda durmagynda Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guraýar.