DÜNÝÄ
2 minut okamak
2024-nji ýylda dünýäde ölen kömek işgärleriniň ýarysyndan gowragy Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde öldürildi
BMG 2024-nji ýylda ynsanperwer kömek gullukçylarynyň rekord derejede ölmekleriniň “utandyryjydygyny” beýan edip, şu ýyl ynsanperwer kömek gullukçylaryna guralýan hüjümleriň aladalandyryjy derejede ýokarydygyny duýdurdy.
2024-nji ýylda dünýäde ölen kömek işgärleriniň ýarysyndan gowragy Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde öldürildi
2024-nji ýylda dünýäde ölen kömek işgärleriniň ýarysyndan gowragy Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde öldürildi / Reuters
19 Awgust 2025

BMG 2024-nji ýylda dünýä boýunça öldürilen ynsanperwer kömek gullukçylarynyň tas ýarysynyň Gazda ýogalandygyny beýan etdi. Ysraýylyň hüjümlerinde 183 sany ynsanperwer kömek gullukçysynyň ölendigi habar berildi.

BMG jemi 383 gullukçynyň ölmegine sebäp bolan wakalary “halkara äwmezligiň utandyryjy görkezijisi” hökmünde häsýetlendirdi we şu ýylky görkezijileriň hem birmeňzeş ýagdaýda aladalandyryjyny nygtady.

2024-nji ýylyň görkezijileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende 31 göterim ýokary. Sudanda 60, çaknyşyklaryň dowam edýän beýleki sebitlerinde bolsa onlarça ynsanperwer kömek gullukçylary öldürildi.

BMG şol  adam öldürmeleriň esasy böleginiň döwletleriň gözegçiligindäki güýçler tarapyndan edikendigini we pida bolanlaryň esasy köplüginiň ýerli işgärlerdigini beýan etdi. Şol adamlar ýerlerde ýa-da öýlerinde öldürildiler.

BMG-niň habarnamasyna görä ölenleriň ýany bilen geçen ýyl 308 ynsanperwer kömek gullukçysy ýaralandy, 125 adam zamun alyndy we 45 adam saklandy. Habarnama Bütindünýä Ynsanperwer kömek gününde çap edildi.

“Halkara hereketsizligiň utandyryjy görkezilerinden biri”

“Ynsanperwer kömek gullukçylaryndan birine guralan hüjüm, ählimize we hyzmat edýän adamlarymyza edilen hüjümdir” diýen BMG-niň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär resmisi Tom Fletçer; “Şeýle hüjümler we jogapkärçiligiň bolmazlygy, halkara hereketsizligiň utandyryjy görkezijilerinden biridir” diýdi.

2025-nji ýylyň Ynsanperwer kömek gullukçylarynyň Howpsuzlyk bazasynynyň alynky görkezijilerine görä 265 ynsanperwer kömek gullukçysy öldürildi.

BMG ynsanperwer kömek gullukçylaryna guralýan hüjümleriň žalkara hukugynyň kadalaryny bozýandygyny we uruş bilen tebigy betbagtçylyk zolaklarynda millionlarça adam üçin möhüm ähmiýetli ynsanperwer kömek ulgamyna zarba urýandygyny nygtady. Fletçer; “Ynsanperwer kömek gullukçylaryna edilýän basyşlar gutulgysyz däldir. Ol bes edilmeli” diýdi.  

Bütindünýä Saglygy saklaýyş guramasy hem şu ýyl 16 sebitde saglygy saklaýyş üpjünçiligine 800-den gowrak hüjümiň guralandygyny habar berdi. Şol hüjümlerde 1110-dan gowrak saglygy saklaýyş gullukçysy we keselli ýogaldy, ýüzlerjesi ýaralandy.

Her ýylyň 19-njy awgustynda bellenilip geçilýän Bütindnýä Ynsanperwer Kömek Güni 2023-nji ýylda BMG-niň Bagdatdaky merkezine guralan we BMG-niň İlçisi Seržio Wieira de Mello bilen 22 adamyň ýogalan bombaly hüjüminde pida bolanlary hatyralamak üçin guralýar.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy