Amerikanyň CBS teleýaýlymynyň berýän habarynda, Eýranyň 8-nji sentýabr gijesi Iordaniýadaky Muwaffak Salti howa bazasyna hüjüm gurandygy mälim edildi.
Hüjümde ABŞ-na degişli 8 “F-15”kysymly uçara zeper ýetirlendigi bellenildi.
Kem-käs zeper ýetirlen uçarlaryň abatlanandan soň uçuşa taýar ýagdaýa etirlendigi nygtaldy.
Hüjümde “Warthog” hökmünde bilinýän 1 “A-10 Thunderbolt” hüjüm uçarynyň ganadynyň döwlendigi, wakada adam pidasynyň çekilmändigi ýatladyldy.
Hüjümleriň ABŞ-nyň sişenbe güni Eýrana degişli 5 nebit tankerine guran hüjümine jogap hökmünde guralandygy bellenildi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny hem 8 tankere, iki harby gämä we ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurandygyny habar berdi.
Habarda ABŞ-nyň Iordaniýadaky esgerleriniň hem Eýrana garşy 30-dan gowrak Patriot raketasyny atandygy nygtaldy.















