SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada saparda boldy
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar / Anadolu Agency
Duş 10 Ýek

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Penşenbe güni paýtagt Ankarada DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Jewdet Ýylmaz, saparyň çäginde geçirlen gepleşikleri netijeli hökmünde häsiýetlendirdi.

Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen DKTR-nyň mart aýynda täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşjakdygyny belledi.

Jewdet Ýylmaz “Biz DKTR-nyň eşretli durmuşda ýaşamagyny maksat edinýäris” diýdi.

Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň “ýönekeý özara gatnaşyklar” bolmandygyny nygtan Ýylmaz, hemaýatkär döwlet hökmünde Türkiýäniň DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Jewdet Ýylmaz Kipr meselesinde haýsydyr bir çözgüdiň  adanyň hakykatlaryna laýyklykda deň hukuklyga esaslanmalydygyny belledi.

Ýylmaz “DKTR bilen Türkiýe Respublikasy utgaşykly ýagdaýda işleşmäge dowam eder. Sebitmizde oýnalýan oýunlara asla boýun egmez” diýdi.

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel hem Gresiýanyň Ysraýyl we Kipriň Grek bölegi bilen baglaşan hyzmatdaşlyk teswirnamasyna ünsi çekdi.

Kipr türkleriniň ýalňyz bolmandygyny nygtan Üstel, Türkiýe Respublikasynyň DKTR-nyň enewatany hökmünde özlerine goldaw berýändigini belledi.