DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi
Bu jenaýatlar Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren Hamas bilen ot açmagy bes etmek we tussaglylary alyş-çalyş etmek baradaky ylalaşygyň düzgünlerini bozmagyny dowam etdirýän döwründe boldy.
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi
Gaza zolagy

Saglygy goraýyş çeşmesi Gazanyň günortasynda we Han Ýunusyň gündogarynda iki palestinalynyň Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigini we harby ulaglaryň şäheriň gündogar zolaklaryna ot açandygyny habar berdi.

Bu jenaýatlar Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren Hamas bilen ot açmagy bes etmek we tussaglylary alyş-çalyş etmek baradaky ylalaşygy bozmagyny dowam etdirýän döwründe boldy.

Penşenbe güni saglygy goraýyş edarasynyň işgäri Han Ýunusyň gündogarynda, "Sary çyzyk" diýlip atlandyrylýan ýere golaý bolan Şeýh Nasser sebitiniň golaýynda bir adamyň atylyp öldürilendigini aýtdy.

Şaýatlar hüjümiň Han Ýunusyň gündogarynda ýerleşdirilen Ysraýylyň harby ulaglarynyň güýçli hüjümleri bilen bir wagtda amala aşyrylandygyny aýtdylar.

Nasser hassahanasyndan başga bir lukmançylyk çeşmesi şol şäherde, Ysraýylyň basyp alan territoriýalarynyň çäklerinden daşaryda ýerleşýän sebitde, Ysraýylyň harby güýçleriniň ot açmagy netijesinde ýene-de bir palestinalynyň öldürilendigini habar berdi.

Zolagyň günortasyndaky Rafah şäherinde şaýatlar Ysraýylyň harby güýçleriniň şäheriň demirgazygyndaky ýaşaýyş jaýlaryny ýumurmagyny dowam etdirýändigini, partlama seslerinin eşidilýändigini we tüssäniň asmana göterilýändigini habar berdiler.

Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri, Ysraýylyň harby güýçleriniň 492 palestinalyny öldürendigi we 1356 adamy ýaralandygy habar berilýär.

Bu ylalaşyk Ysraýylyň iki ýyllyk genosid urşuny bes etmegi maksat edinýärdi, bu uruş 71 müňden gowrak palestinalynyň ölümine we 171 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Hüjüm Gazadaky raýat infrastrukturasynyň 90 göterimini diýen ýaly ýok etdi we BMG-niň çaklamalaryna görä, zolagy täzeden dikelmegiň çykdajylary 70 milliard dollara barabar bolup biler.

Öwren
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok
Ukraina: “Rus goşuny şu gije 200 ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen howa hüjümini gurady”
Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky mekdebi partlaýjy maddalary bilen ýykdy
ABŞ ilkinji gezek älem giňişligine ýarag ýerleşdirendigini tassyklady
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "Ormuz bogazynyň günbatarynda MQ-1 UHU-ny täsirsiz ýagdaýa getirdik"