ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň, ÝB-ne agza ýurtlara goýlan %50 göterimlik salgydy 9-njy iýula çenli yza süýşürmegi kabul etdi.
Tramp, ýekşenbe güni Trut sosial platformasyndan beren habarnamasynda, fon der Leýeniň telefon söhbetdeşliginde salgytlaryň yza süýşürilmegini talap edendigini we gysga wagtda gepleşikleriň başlajakdygyny mälim etdi.
Tramp, bu talaby kabul etmek kararyny “artykmaçlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Fon der Leýen, ÝB-niň gysga wagtda gepleşiklere başlamaga taýardygyny belledi.
Leýen “ÝB bilen ABŞ, söwda taýdan ýakyndan gatnaşyk edýär” diýdi.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen “Ylalaşyk gazanmak üçin 9-njy iýula çenli salgytlaryň yza süýşürilmegi möhüm” diýip belledi.
Tramp, ozal 1-nji iýundan başlan ÝB-niň importlaryna ýokary salgydyň goýuljakdygyny mälim edipdi. Ol muny amerikaly firmlara zeper ýetirýändigi adalatsyz söwda tejribeleri we bökdeçlikler bilen düşündiripdi.
Bu hemle bazarlara ýaramaz täsirini ýetirdi.
Salgtylaryň yza süýşürilmegi meselesi Waşington bilen Brýusseliň arasyndaky dartgynlyklaryň wagtlaýyn gowşandygyny görkezse-de salgytlar meselesindäki tarawut henizem dowam edýär.
















