DÜNÝÄ
1 minut okamak
Sudanyň goşuny HDK-niň hüjümlerini yzyna serpikdirdi
Sudanyň harby goşuny Günbatar Kordofandaky HDK güýçleriniň hüjümini yzyna serpikdirdi
Sudanyň goşuny HDK-niň hüjümlerini yzyna serpikdirdi
Sudanyň goşuny HDK-niň hüjümlerini yzyna serpikdirdi / AP

Harby çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Sudanyň harby goşuny Günbatar Kardofandaky Babnousa şäherinde Çalt goldaw güýçleri HDK-nyň täze hüjümini yzyna serpikdirdi.

Anadoly habarlar gullugyna berlen maglumata görä, Sudanyň harby goşunynyň 22-nji piýada topary agyr we ýeňil ýaraglar bilen şähere giren HDK güýçlerini yzyna serpikdirdi.

Habara görä, HDK güýçleri hünärmen we harby enjam taýdan uly ýitgi çekdi.

Sudanyň harby goşuny we HDK güýçleri tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

HDK güýçleri ýekşenbe güni Babnousa şäherini almak üçin tagalla edýändiklerini habar beripdi. Şäher 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri gabaw astynda.

Harby goşun soňky günlerde uçarmansyz howa ulaglary we sowutly ulaglar bilen HDK güýçleriniň Babnousa şäherine hüjüm guramagyny bökdeýär.

Ýerli ynsanperwer kömek guramalary, şäheriň 177 müň ýaşaýjysynyň öýlerini terk edendigi sebäpli şäheriň ilat taýdan boşalandygyny mälim etdi.

HDK güýçleri geçen aý Demirgazyk Darfuryň paýtagty Al Faşiri ele geçiripdi we şäherde uly gyrgynçylyk edipdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna görä, 2023-nji ýylyň aprel aýynda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda başlan çaknyşyklarda 40 müň adam ýogaldy, 12 müň adam hem öýüni terk etdi.

 

 

Öwren
Owganystan Pakistanyň howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini aýtdy
Nigeriýanyň Plato welaýatynda bolan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Halapdaky harby desgada bolan partlamalarda dört adam ýaralandy
Tramp: “Men tutuş Eýrany partladyp bilerin” diýdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "MQ-1 kysymly UHU Ormuz bogazynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär