SYÝASAT
2 minut okamak
Kreml Nobeliň Parahatçylyk baýragy üçin Trampy goldajakdygyny beýan etdi
Nobeliň baýraklary bilen gyzyklanýan bilermenler şahsy taýdan edýän möhüm daşary syýasat başlangyçlaryna garamazda anna güni yglan ediljek bu abraýly baýragyň ABŞ-nyň prezidentine berilme ähtimallygynyň pes ähtimallykdygyny beýan edýär.
Kreml Nobeliň Parahatçylyk baýragy üçin Trampy goldajakdygyny beýan etdi
Kreml Nobeliň Parahatçylyk baýragy üçin Trampy goldajakdygyny beýan etdi / AP
10 Oktýabr 2025

Döwlet habarlar gullugy “TASS-yň” anna güni beren habaryna görä Russiýanyň Prezidentiniň orunbasary Ýuriý Uzaşok Prezident Donald Trampyň Nobeliň Parahatçylyk baýragyna dalaşgärligi hakynda durup geçdi.
Russiýanyň Trampyň Ukrainadaky urşy bes etmek ugrundaky tagallalaryna minnetdardygyny birnäçe gezekbeýan etdi. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa penşenbe güni çap edilen beýannamasynda şol baýragy almak isleýändigini aç-açan beýan eden Trampyň atyşygy bes etmegi ýola goýan halatynda Kiýewiň ony Nobeliň baýragyna dalaşgärlige hödürlejekdigini aýtdy.

Nowergiýanyň Nobel Komiteti şeýle abraýly bolandygyna garamazdan laýyk görülenleri çakmasy kyn bolan baýragy kimleriň aljakdygyny anna güni yglan eder.

Bilermenler komitetiň umuman parahatçylygyň yzgiderliligi, halkara doganlyk gatnaşyklarynyň goldanmagy we şol maksatlary güçlendirýän guramalaryň alyp barýan işlerini seljerýändigini beýan edýärler. Baýrak yglan edilmezden ozal Trampyň oňa laýyk görülme ähtimallygy hakynda myş-myşlar çykan hem bolsa, Nobel baýragy boýunça synçylar şahsy taýdan jogapkärçilik alan käbir daşary syýasat başlangyçlaryna garamazadan ABŞ-nyň prezidentiniň şansynyň pesdigini aýdýarlar.

Oslodaky Parhatçylygy Öwreniş İnstituty tarapynda laýyk görülenlerin hatarynda görkezilýän toparlaryň arasynda ýurduň  içerki urşunda ynsanperwer kömegiň merkezine öwrülen tor bolan Sudanyň Gyssagly Çäre Görüş Otaglary, Halkara Adalat Diwany we Halkara Jenaýat Kazyýeti; hem-de metbugat azatlygyny goldaýan we iş mahalynda öldürilen žurnalistleriň sanawyny düzen merkezi ABŞ-da ýerleşýän Žurnalistleri goraýyş Komiteti bar.

Geçen ýylky baýrak Ýaponiýadaky atom bombasyndan ejir çekenlerin döreden we ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna garşy güýç döretmek üçin onlarça ýyldan bari iş alyp barýan halk hereketi “Nihon Hindanko” berilipdi.

Parahatçylyk baýragy her ýyl Nowergiýanyň Oslo şäherinde berilýän ýeke-täk Nobel baýrağydyr. Beýleki dört baýrak bolsa şu hepde Şwesiýanyň paýragty Stokgolmda eýelerine gowşuryldy. Ýekşenbe güni bolsa lukmançylyk, sişenbe güni fizika, çarşenbe güni himiýa we penşenbe güni edebiýat baýraklary yglan edildi. Ykdysadyýet baýragyna laýyk görülen bolsa duşenbe güni yglan ediler.

Öwren
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini gurady
Eýranly diplomat Kemal Harazi, ABŞ-Ysraýyl hüjüminde aradan çykdy
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär
Pakistan ylalaşyga goldaw beren Türkiýe bilen birlikde beýleki ýaranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Lapid Netanýahunyň syýasatlaryny syýasy we strategiýa taýdan “şowsuz” hökmünde häsiýetlendirdi
Eýran bilen ABŞ 10 maddalyk parahatçylyk teklibini kabul etdi
Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
ABŞ bilen Eýran 45 gün möhlet bilen hüjümleri bes etmegi meýilleşdirýär
Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Stambula geldi
Tramp Eýranyň infrastrukturasyny nyşana aljakdygyny aýdýar
Prezident Erdogan  “Suw geljekde nebitiň ornuny eýelär”diýdi
Arap ýurtlary Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy
Prezident Erdogan “Ysraýyl Eýran söweşinden jogapkär” diýdi
Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdi
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Milli howpsuzlyk gullugy serhetaşa içalylyk operasiýasyny geçirdi