Bilelikdäki beýanatda, Türkiýäniň we ABŞ-nyň wekiliýetleriniň Siriýada meselesi boýunça ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.
Sişenbe güni Waşingtonda geçirlen Siriýa boýunça iş toparynyň maslahatynda Türkiýäniň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz, ABŞ-nyň wekiliýetine hem Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau ýolbaşçylyk etdi.
Iş toparynyň maslahatyna Türkiýäniň ABŞ-daky ilçisi Sedat Önal bilen ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Tomas Barrak hem gatnaşdy.
Berlen bilelikdäki beýanata görä, Türkiýe bilen ABŞ, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezident Trampyň nygtaýy ýaly Siriýanyň howpsuzlygy we durnuklygy boýunça edilýän hyzmatdaşlygy artdyrmakda ygrarly.
Beýanatda, “ABŞ bilen Türkiýe, Siriýada durnuklylygyň üpjün edilmegi we ýurduny terk eden millionlarça siriýalynyň öýlerine yzyna dolanmagy üçin amatly şert döreder” diýildi.
Beýanatda, ABŞ bilen Türkiýäniň Siriýanyň territorial bitewiligine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
















