DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ukrainanyň Mejlisiniň ozalky başlygy Parubiý Lwow şäherinde öldürildi
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, halk deputaty Andriý Parubiýiň öldürlendigini aýtdy.
Ukrainanyň Mejlisiniň ozalky başlygy Parubiý Lwow şäherinde öldürildi
31 Awgust 2025

Ukrainanyň Mejlisiniň ozalky başlygy Andriý Parubiý şenbe güni ýurduň günbatarynda ýerleşýän Lwow şäherindäki öýünde atylyp öldürildi.

Parubiýiň ganhorynyň tapylmagy üçin iş gozgaldy.

Prokuratura ýaragly adamyň Parubiýe birnäçe gezek od açandygyny we Parubiýiň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny mälim etdi. Hüjümçiniň tapylmagy üçin gözleg işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

 54 ýaşyndaky Parubiý 2016-njy ýylyň aprel aýyndan 2019-njy ýylyň awgust aýyna çenli mejlisiň başlygy wezipesini ýerine ýetiripdi.

Parubiý 2014-nji ýylyň fewral aýyndan 2014-nji ýylyň awgust aýyna çenli Ukrainanyň milli howpsuzlyk gullugynyň we Goranyş geňeşiniň baş sekretary wezipesini ýerine ýetiripdi. Şol döwür Ukrainanyň gündogarynda çaknyşyklaryň başlan we Russiýanyň Krymy anneksirlän döwrüne gabat gelýär.

Ýolbaşçylar, jenaýatyň Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän söweşi bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygy hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

Prezident Zelenskiý, X sosial media paltformasyndan beren habarnamasynda “Içeri işler ministri Igor Klimenkonyň beren ilkinji maglumatyna görä Andriý Parubiý Lwow şäherinde öldürildi” diýdi.

Prezident Zelenskiý, Parubiýiň maşgalasyna gynanç bildirdi we ganhoryň tapylmagy üçin degişli görkezmänin berlendigini aýtdy.

Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri Lwow şäherindäki ýaragly hüjümiň günorta wagty guralandygyny mälim etdi.

Şäher häkimi Sadowoý, ganhoryň tapylmagynyň diýseň möhümdigini nygtady.

Ukrainanyň ozalky Prezidenti Petro Poroşenko Telegramdan beren habarnamasynda, mejlisiň milli howpsuzlyk we goranyş komitetiniň agzasy Parubiýiň öldürilmegini “Ukrainanyň kalbyna atylan gülle” hökmünde häsiýetlendirdi.

Parubiýiň Ukrainanyň harby goşunyna uly goşant goşandygyny aýdan Poroşenko “Andriý güýçli adamdy we hakyky dostdu. Şol sebäpli hem ondan gorkýandyklary üçin ar alýarlar” diýdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy