Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň depgini güýçlenýär
DÜNÝÄ
3 minut okamak
Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň depgini güýçlenýärPrezident Erdogan Türkiýäniň Ýewropanyň howpsuzlygyndaky roly we ÝB-ne agzalyk prespektiwasyny nygtaýar. Erdogan bilen Tusk sebitiň durnuklylygy hakynda pikir alyşdy
00:00

Türkiýe bilen Polşanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenmek bilen dowam edýär. Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýewropanyň howpsuzlygyndaky roly we ÝB-ne agzalyk prespektiwasyny nygtaýar. Tusk goldaw berse-de hünärmenler ÝB-niň Ankaranyň gün saýyn güýçlenýän täsirine doly göz ýetirmegi meselesine şüpheli garaýar.

Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk, 12-nji fewralda Ankara guran saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogana, sebitara durnuklylyk tagallalaryna öňbaşçylyk etmegi üçin çagyryş berdi.

Prezident Erdogan Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk bilen bolan duşuşygynda, Ýewropanyň howpsuzlyk krizisine sezewardygyny we bu döwürde Türkiýäniň ÝB üçin strategiýa taýdan diýseň möhümdigini belledi. Esasan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýewropanyň howpsuzlyk mümkinçiliklerini artdyrmagy baradaky çykyşy nazarda tutulan halatynda Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmagy diýseň möhüm ýagdaýa geldi.

Preizdent Erdogan Tusk bilen Prezidentiň Komplesinde bolan duşuşykdan soň beren beýannamasynda “ÝB güýjüni we täsirini gorap saklamak isleýän bolsa bu diňe Türkiýäniň doly agzalygy bilen mümkin bolar” diýdi.

Erdogan gepleşik etabynyň depgininiň gowşandygyna garamazdan Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmakda ygrarlydygyny nygtady. Türkiýe 1987-nji ýyldan bäri ÝB-ne agzalyga dalaşgär ýurt we 2005-nji ýylda başladylan gepleşikler 2016-njy ýylda saklanypdy.

Halkara gatnaşyklar boýunça bilermenler, Türkiýäniň Ýewropanyň howpsuzly meselesinde strategiýa taýdan oýnaýan rolynyň agzalyk etabyndan öte geçendigine ünsi çekýär.

Stambul Medeniýet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Dr. Özden Zeýnep Oktaw, TRT Worlde beren beýannamasynda “Türkiýäniň, ÝB-ne doly agza bolmazdan hem Ýewropanyň howpsuzlygyny artdyrmagyna garaşylýar” diýdi.

Dr. Özden Zeýnep Oktaw, “Türkiýeden Ýewropanyň howpsuzlygyna goşant goşmagyna garaşylýar, emma ÝB heniz Türkiýäniň edýän tagallasyna ýeterlik jogap bermedi. Gepleşik etabynda birnäçe ugur henizem açylmady. ÝB-niň Türkiýä howpsuzlyk boýunça uly jogapkärçilik ýükläp agzalyk etabyny dowam etdirmezlik näderejede dogry” diýdi.

Oktaw Türkiýäniň geosyýasy täsiriniň gün saýyn artýandygyny nygtap, “Türkiýe indi öňki Türkiýe däl, Siriýada strategiýa taýdan nähili ähmiýetlidigimizi görkezdik. Türk dünýäsi bilen gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirdik we energetika krizisinde uly rol oýnaýandygymyzy görkezdik. Emma ÝB bu özgerlişige doly göz ýetirip bilýärmi bilmedim. Men bu meselede şübheli” diýdi.

Polşanyň Premýer-ministri Tusk, Saud Arabystanynda ukrainaly we amerikaly ýolbaşçylaryň arasynda geçirlen gepleşikleriň yzy ýanyndan Ankara geldi. Ukrainaly we amerikaly ýolbaşçylar Saud Arabystanynda Russiýanyň kabul etmegi şerti bilen atyşygyň 30 gün möhlet bilen bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

Erdogan, Ukrainanyň atyşygyň bes edilmegini kabul etmegine hoşallyk bildirdi we Russiýanyň hem bu teklibe oňyn jogap bermelidigini aýtdy.

Türkiýäniň parahatçylyk gepleşiklerine töwellaçylyk etmäge taýardygyny nygtan Erdogan, “Soňky özgerlişikler Russiýa bilen Ukrainanyň gepleşik stolyna dolanmaklaryny ýola goýan halatynda biz gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge taýar” diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýe hökmünde söweşiň bes edilmegi üçin parahatçylyk gepleşiklerine ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar” diýip belledi.

Polşanyň Premýer-ministri Tusk, Türkiýäniň sebitiň durnuklylygy üçin edýän tagallasyna uly ynam bildirýändigini belledi.

Tusk, “Prezident Erdoganyň, Türkiýäniň parahatçylyk etabynda uly jogapkärçilik almalydygyny we sebitimizde durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmalydygyny açyk aýdyň aýtdym” diýdi.

Polşanyň Premýer-ministri Tusk, Erdoganyň aprel aýynda Warşawada saparda boljakdygyny belledi.

Tusk, Polşanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtap, “Türkiýä hemişe goldaw berdik we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan bilen iki ýurduň arasyndaky söwda we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Tusk, özara söwda mukdarynyň 12 milliard dollardan geçendigini we şol mukdary 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini ýatlatdy.

Polşa bilen Türkiýe tizli ýokarlandyrlan otly liniýasy bilen birlikde birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Tusk, “Türkiýe, Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler” diýdi.

 

 

Öwren
Nigeriýanyň Plato welaýatynda bolan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Halapdaky harby desgada bolan partlamalarda dört adam ýaralandy
Tramp: “Men tutuş Eýrany partladyp bilerin” diýdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "MQ-1 kysymly UHU Ormuz bogazynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi