SYÝASAT
2 minut okamak
Eýran Trampyň ýadro gepleşikleri bilen bagly hatyna jogap berdi, gytaklaýyn gepleşiklere taýýar
Eýran Trampyň ýadro gepleşikleri bilen bagly hatyna jogap berdi we gytaklaýyn gepleşiklere taýýardygyny aýtdy
Eýran Trampyň ýadro gepleşikleri bilen bagly hatyna jogap berdi, gytaklaýyn gepleşiklere taýýar
Reuters
29 Mart 2025

Eýranyň Daşary işler ministri: "Bu resmi jogap, häzirki ýagdaý we hormatly Trampyň haty bilen bagly pozisiýamyzyň beýleki tarapa doly düşündirilendigini görkezýän bir haty hem öz içine alýar" diýip belledi.

Eýran ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýadro gepleşikleri bilen bagly çagyryşy we gepleşikleri ret eden halatynda harby taýdan çäreleriň görüljekdigi barada eden hemlesini öz içine alýan hatyna jogap berendigini mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi penşenbe güni IRNA habarlar gullugyna beren beýanatynda hatyň Oman döwletine gowşurylandygyny belläp: "Bu resmi jogap, häzirki ýagdaý we jenap Trampyň haty bilen bagly pozisiýamyzyň beýleki tarapa doly düşündirilendigini görkezýän bir haty hem öz içine alýar" diýip nygtady.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň bolmandygy sebäpli, ozal hem araçy bolan Oman hatyň ýetirilmegi barada bu gezek hem araçy boldy.

Tramp, 2018-nji ýylda ABŞ-yň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek üçin ýola goýlan ylalaşykdan çekilendigini yglan edipdi.

ABŞ-nyň prezidenti mart aýynyň başynda Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýe hat iberendigi we diplomatik gepleşiklere açykdygyny aýtdy.

Şoňa garamazdan Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet, Eýrana garşy goşmaça sanksiýalary we harby çäreleri öz içine alýan “maksimum basyş” kampaniýasyny dowam etdirýär.

Gytaklaýyn Gepleşiklere Açyklyk

Arakçi Eýranyň Trampyň “Maksimum basyş kampaniýasy” dowam etdigi saýyn ABŞ bilen gönüden gepleşikleriň geçirlmegini ret edýär, emma gytaklaýyn gepleşiklere açykdyklaryny habar berdi.

Arakçi: “Biziň syýasatymyz 'maksimum basyş' we harby çäre haýbaty astynda göni gepleşik geçirmezlikden ybarat, emma öňki ýaly gytaklaýyn gepleşikler dowam edip biler” diýip nygtady.

Arap Ýurtlary we Gytaklaýyn Diplomatiýa

Eýran bilen ABŞ 1980-nji ýyldan bäri resmi diplomatik gatnaşyk saklamaýar. Emma iki ýurt Tährandaky Şweýsariýanyň ilçihanasy arkaly gytaklaýyn aragatnaşyk saklap gelýär, bu ilçihana ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerini goraýar.

Oman öň hem araçy hökmünde işler amala aşyrypdy, az wagtlyk hem bolsa, Katar hem bu roly ýerine ýetiripdi. Trampyň Eýrana ugradan soňky hatynyň BAE tarapyndan gowşurylandygy mälim edilipdi.

Eýran 2015-nji ýylda ABŞ we Hytaý ýaly iri döwletler bilen geçirilen gepleşiklerden soň, ýadro programmasyny çäklendirmek baradaky ylalaşyga razy boldy. Ýewropa ýurtlary we Günbatar hökümetleri onlarça ýyllap Tähranyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýandygyny güman edipdi, emma Eýran bu aýyplamalary ret edip, programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýdýar.

Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet 2018-nji ýylda ylalaşykdna çekilmek barada karar kabul etmeginiň sebäpleriniň biri, Eýranyň ballistik raketa programmasynyň ylalaşygyň çäginde ele alynmazlygydyr. Waşington şol programmany milli howpsuzlyga bir howp hökmünde garaýar.

Halkara Atom energiýasy guramasynyň habaryna görä Eýran ABŞ-nyň ylalaşykdna çekilmegine garamazdan, bir ýylyň dowamynda jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge dowam etdi. Emma belli bir wagt soň öz borçnamalaryny kem-kemden yzyna çekmäge başlady.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär