Tramp Rim Papasyny berk tankyt etdi

Katolik buthasynyň liderini tankyt eden Tramp, “Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna goldaw berýän Papa islemeýärin” diýdi.

By
Tramp Rim Papasyny berk tankyt etdi / Reuters

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dünýäde Katolik buthanasynyň lideri hökmünde kabul edilýän Papa garşylyk görkezdi we amerikaly ilkinji papanyň radikal çepçilere goldaw bermekden ýüz öwürmelidigini nygtady.

Trampyň bu çykyşy, dünýäniň iň güýçli dini liderlerinden birine we Katolik buthanasynyň liderine görkezilen berk garşylyk hökmünde häsiýetlendirildi. Trampyň bu tutumy Eýrandaky söweş sebäpli başlan dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp sosial media arkaly beren habarnamasynda “Papa Leo XIV jenaýatlar meselesinde gowşak we daşary syýasat boýunça tejribesiz” diýdi.

Tramp ýekşenbe güni beren beýannamasynda “Papany halamaýaryn. Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna goldaw berýän Papa islemeýärin” diýdi.

Donald Tramp Papa Leonyň hepdäniň ahyrynda ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşini ýazgarmagyna we syýasy liderleriň parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegini islemegine berk garşylyk görkezdi.