Bikanun ysraýylly gelmişekler, Remezan aýynda dowam etdirýän soňky hüjümlerinde, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýadaky Al-Halil şäheriniň günortasynda ýerleşýän Susýa obasynda palestinalylaryň öýlerini we ulaglaryny otladylar.
Al-Baýdar Adam Hukuklary guramasy sişenbe güni beren beýanatynda, ysraýylly gelmişekleriň bäş öýi we birnäçe ulagy ýakandyklaryny habar berdi.
Gurama ysraýylly gelmişekleriň oba çozuş edip, uly maddy zyýan ýetirendigini we esasanam aýallaryň we çagalaryň arasynda gorky ýaýradandygyny aýtdy.
Ýerli çeşmeleriň “Anadoly” habarlar agentligine beren maglumatyna görä, bikanun ysraýylly gelmişekler käbir öýlere göz ýaşardyjy gaz balonlaryny zyňdylar we şonuň netijesinde 4 palestinaly ýaralandy.
Obanyň ýerleşýän Masafer Ýatta sebitindäki jemgyýetler öý reýdleri we palestinalylara degişli mal otladylýan ýerler ýygy-ýygydan gelmişekleriň hüjümlerine sezewar galýar. Ýaşaýjylar yzygiderli gorag talap edýärler we ysraýylly gelmişekleriň zorlugynyň bes edilmegini talap edýärler.
Günbatar Şeriýadaky zorluk
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazada başlanan genosidiň yz ýany bilen, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada Ysraýylyň goşunynyň we bikanun ysraýylly gelmişekleriň hüjümleri artdy.
Palestinanyň maglumatlaryna görä, Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 1116-dan gowrak palestinalyny öldürdi, 11500 palestinalyny ýaralady we 22 müň palestinalyny tussag etdi.
Palestinalylar bu dartgynlylygyň Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýany resmi taýdan anneksiýa etmegine ýol açmagy maksat edinýändigini we BMG-niň rezolýusiýalarynda göz öňünde tutulýşy ýaly Palestina döwletiniň döredilmeginiň mümkinçiligini ortadan aýyrmagy meýilleşdirýändigi barada duýduryş berýärler.
Halkara jemgyýetçiligi we BMG Gündogar Iýerusalim bilen birlikde şeýle hem Günbatar Şeriýany Palestinanyň basylyp alnan territoriýasy hökmünde hasaplaýar we ol ýerdäki ýewreý ilatly ýerlerini halkara hukugyna görä bikanun hasaplaýar.
Halkara Kazyýet 2024-nji ýylyň iýul aýynda çykaran möhüm kararynda Ysraýylyň Palestina territoriýalaryny basyp almagyny bikanun diýip yglan etdi we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýadaky we basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimdäki ähli ilatly ýerleriň boşaldylmagyny talap etdi.









