DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurduň günortasynda Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde ikisi zenan, ikisi çaga bolmak bilen 14 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi / AA

Liwanyň Sagly goraýyş ministrligi, Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň ýurduň günortasyna guran hüjümlerinde 14 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Beýannamada hüjümlerde ikisi zenan, ikisi çaga bolmak bilen 14 adamyň ýogalandygy, 37 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ysraýylyň harby goşunynyň günortadaky Ýarun we Bint Jubeýl etrapçalarynda ýaşaýyş jaýlaryny we infrastrukurany nyşana alandygyny mälim etdi.

Hizbullah Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkezilmegi maksady bilen Ysraýylyň pozisiýalaryny nyşana alandygyny habar berdi.

17-nji aprelde güýje giren 10 günlük ylalaşygyň möhledi ýene-de 3 hepde uzadyldy.

Hizbullah Ysraýylyň ýaşaýyş jaýlaryny, infrastrukturany nyşana almagyna we Liwanyň topraklaryny basyp almagyna garşy degişli gaýtawulygyň görkeziljekdigini aýan etdi.

Hizbullah Ysraýylyň 17-nji aprelden bäri ylalaşygy 500 gezek bozandygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby goşuny Liwanyň günortasynda dowam edýän çaknyşyklarda 1 esgeriň ýogalandygyny, 6 esgeriň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýyl 2-nji martda Hibzullahyň guran serhetaşa operasiýalaryndan soň Liwana garşy hüjüm başladypdy.

Liwanly resmilere görä şol günden bäri Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli 2500-den gowrak adam ýogaldy, 1 milliondan gowrak adam ýer ýaşaýan ýerini terk etdi.