TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Zeýdini kabul etdi
Prezident Erdoganyň Yragyň Premýer-ministri Zeýdi bilen geçiren duşuşygyndan soň, "Türkiýe-Yrak bilelikdäki metbugat beýanaty" çap edildi
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Zeýdini kabul etdi
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Zeýdini kabul etdi

Türkiyäniň prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen geçiren duşuşygynda iki tarapyň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşandygy habar berildi.

Prezidentiň Kommunikasiýalar edarasy Prezident Erdoganyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşýan Nýu-Ýorkda Yragyň Premýer-ministri Zeýdi bilen geçiren duşuşygyndan soň çap edilen “Türkiýe-Yrak bilelikdäki metbugat beýanatyny” paýlaşdy.

Şoňa görä, Türkiýäniň we Yragyň resmileriniň iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşan duşuşygynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar. Şu çäkde olar Sinjarda döwlet häkimiýetini dolulygyna ýola goýmak we gadagan edilen daşary ýurt ýaragly elementleriniň bolmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşdylar.

Yragyň bu howpsuzlyk çärelerinde gazanan öňegidişligine laýyklykda, şeýle hem ylalaşylan mehanizme we möhlete laýyklykda, türk güýçleri Başika-Zilkan bazasyny Yragyň Federal hökümetine tapgyrlaýyn tabşyrar.

Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum möçberlerini giňeltmek, gol çekilen ylalaşyklary dessine durmuşa geçirmek we bilelikdäki strategik taslamalary, esasanam Galkynyş ýoly taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar.