ANSA habarlar agentliginiň Bütindünýä tebigy durmuşy goramak gaznasynyň (WWF) hasabatyna salgylanyp beren maglumatyna görä, şu tomus möwsüminde Italiýada tokaý ýangynlarynda 70 müň gektar ýer ýok bolupdyr.
Bu görkeziji takmynan 100000 futbol meýdançasyna deňdir.
Ýangynlaryň takmynan üçden bir bölegi goralýan ýerlerde ýüze çyksa-da, tokaý ýangynlary sebäpli ýok bolan ýerleriň möçberi soňky 20 ýylda 133 göterim artdy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Beýleki tarapdan, ýagdaý Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda has-da erbet.
Ispaniýada 219 müň gektar, Fransiýada bolsa 91 müň gektar ýer ýandy.



















