ABŞ DEAŞ tussaglaryny Siriýadan Yraga göçürmäge başlady

CENTCOM-yň habar bermegine görä Siriýadan Yragyň gözegçiligindäki tussaghanalara 7,000-e barabar Daeş terrorçylary geçiriler.

By
ABŞ DEAŞ tussaglaryny Siriýadan Yraga göçürmäge başlady / Reuters

ABŞ-nyň harby güýçleriniň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndan 150 sany DEAŞ terrorçysyny howpsuz tussaghanalarda saklamagy üpjün etmek üçin Yraga geçirmek boýunça iş alyp barýandygyny beýan etdi.

CENTCOM-yň serkerdesi admiral Bred Kuper ABŞ-nyň Yrak ýaly sebitleýin hyzmatdaşlar bilen "ysnyşykly" gatnaşyk edýändigini we DEAŞ-a garşy göreşde olaryň goşandyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Kuper: "DEAŞ-ly tussaglaryň kadaly we howpsuz geçirilmegini ýeňilleşdirmek, Birleşen Ştatlara we sebitiň howpsuzlygyna gönüden-göni wehim saljak hereketleriň öňüni almak taýdan üçin örän möhümdir" diýdi.

ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Tom Barrak Waşingtonyň Siriýada häzirkş wagtda ileri tutulýan ugurlarynyň 'utgaşyklygy goldamak, milli jebisligi we durnuklylygy ilerletmek' bolup duranýandygyny we Birleşen Ştatlaryň separatizmi goldamaýandygyny aýtdy.

'Waşingtonyň ileri tutýan ugurlaryna utgaşyklygy goldamak we milli jebisligi hem-de durnuklylygy ilerletmek girýär. separatizmi ýa-da federalizmi goldamak girmeýär' diýip Barrak sözleriniň üstüni ýetirdi.