DÜNÝÄ
1 minut okamak
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Uşakow: “Putin gepleşik geçirmekden asla ýüz öwürmedi”
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”

Kremliň Daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý telefon eden halatynda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefona jogap berjekdigini aýtdy.

Uşakow: “Putin gepleşik geçirmekden asla ýüz öwürmedi”diýdi

Ýuriý Uşakow “Rossiýa” teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Ukraina krizisiniň çözülmegi barada durup geçdi.

Uşakow, Ukraina meselesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide geçirilmegi meýilleşdirlen üçtaraplaýyn gepleşiklere Ýewropaly wekilleriň gatnaşyp gatnaşmajakdygy hakyndaky soraga “Amerikalylar bilen gepleşik geçirýäris. Gepleşikleriň ilkinji tapgyrynyn üçtaraplaýyn formatda geçirilmegi has ýerlikli bolar” diýip jogap berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň Russiýanyň Prezidenti Putin bilen Moskwada duşuşyp biljekdigini nygtan Uşakow “Biz duşuşygyň geçirilmegine garşy däl” diýdi.

Ýuriý Uşakow “Zelenskiý telefon eden halatynda Putin telefona jogap berermi? diýlen soraga “Putin telefonyna jogap berer”diýip jogap berdi.