DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Nigeriýany hristianlara abanýan howp sebäpli gözegçilik sanawyna aldy
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Afrikanyň iň uly ýurdy Nigeriýada hristianlaryň köpçülikleýin gyrgyna berilmeginden radikallaryň jogapkärdigini aýtdy.
Tramp Nigeriýany hristianlara abanýan howp sebäpli gözegçilik sanawyna aldy
Tramp Nigeriýany hristianlara abanýan howp sebäpli gözegçilik sanawyna aldy
1 Noýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Nigeriýada hristianlara uly howpyň abanýandygyny öňe sürdi we Günbatar Afrika ýurdunyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan gözegçilik sanawyna alynandygyny aýtdy.

Tramp anna güni Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “Hristianlar Nigeriýada uly howpy başdan geçirýär. Müňlerçe hristian öldürilýär. Bu köpçülikleýin gyrgynçylykdan radikal yslamçylar jogapkär” diýip belledi.

Tramp Nigeriýany, Afrikanyň iň uly nebit öndürijisini we iň köp ilatly ýurduny, ABŞ-nyň dini azatlygyň basgylanýan ýurtlarynyň sanawy bolan “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna alynandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň internet saýtyna görä şol sanawda Hytaý, Mýanma, Demirgazyk Koreýa we Russiýa ýaly ýurtlar ýer alýar.

Tramp, ABŞ-nyň Wekiller mejlisinden mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaklaryny we ýörite habarnama taýarlamaklaryny isländigini belledi.

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy