DÜNÝÄ
2 minut okamak
Pakistanda guralan hüjümlerde we terrora garşy geçirlen operasiýalarda köp sanly esger ýogaldy
Ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa sebitiniň Bažur etrapçasynda howpsuzlyk merkezine guralan hüjümde 14 esger bilen 1 çaga ýogaldy.
Pakistanda guralan hüjümlerde we terrora garşy geçirlen operasiýalarda köp sanly esger ýogaldy
Pakistanda guralan hüjümlerde we terrora garşy geçirlen operasiýalarda köp sanly esger ýogaldy / Reuters

Pakistanly ýolbaşçylar sişenbe güni beren beýannamasynda, kamikaze bombaçysynyň partlaýjy ýüklenen ulagyny Pakistanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän howpsuzlyk merkeziniň golaýynda ýarandygyny mälim etdi.

Wakada 14 esger bilen 1 çaganyň ýogalandygy nygtaldy. Hüjümden soň geçirlen operasiýada 12 terrorçynyň öldürlendigi bellenildi.

Pakistanyň harby goşunyndan berlen beýannamada, duşenbe gijesi ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa sebitiniň Bažur etrapçasynda terrorçylaryň Melangede howpsuzlyk merkezine hüjüm guramaga synanşandygy nygtaldy.

Beýannamada “Hüjümçiler howpsuzlyk merkezinden içeri girmäge çalyşdy, emma Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri dönükleriň maksadyna ýetmeginiň öňüni aldy. Gahryman esgerlerimiz dönükleri täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýildi.

Ýerli howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, hüjümde ýogalanlaryň arasynda 1 çaga hem bar.

Hüjümde howpsuzlyk merkeziniň golaýyndaky öýlerde ýaşaýan 7-si çaga, asuda ilatdan 8 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

İçeri işler ministrliginden sişenbe güni berlen beýannamada, Pakistanyň port şäheri Karaçide terrorçylara garşy geçirlen operasiýada 4 terrorçynyň öldürlendigi, iki polis gullukçysynyň ýaralanandygy nygtaldy.

Soňky ýyllarda Pakistanda guralýan terrorçylykly hüjümleriň sany artýar.

Esasan ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa we ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Buluçistan sebitlerinde howpsuzlyk güýçlerine we ýerli häkimiýetlere garşy bombaly hüjümler guralýar.

Duşenbe güni ertiriň irki sagatlarynda Haýber Pahtunhwa sebitiniň Şangla etrapçasynda terrorçylara garşy geçirlen operasiýada azyndan 3 polis gullukçysy ýogaldy. Operasiýada 2 terrorçy hem öldürildi.

Duşenbe güni Haýber Pahtunhwanyň Bannu etrabynda partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli azyndan 2 adam ýogaldy, 17 adam hem ýaralandy.

 

 

Öwren
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi