DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ýermak: “Zelenskiýiň liderligi döwründe Ukraina territoriýasyndan ýüz öwürmez”
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýiň orunbasary Ýermak, Ukrainanyň territoriýasy meselesinde egilşik etmejekdigini aýtdy.
Ýermak: “Zelenskiýiň liderligi döwründe Ukraina territoriýasyndan ýüz öwürmez”
Ýermak: “Zelenskiýiň liderligi döwründe Ukraina territoriýasyndan ýüz öwürmez” / Reuters

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýiň orunbasary Andiý Ýermak penşenbe güni Ze Atlantige beren beýannamsynda, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýiň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Russiýa ýer bermegi asla kabul etmejekdigini aýtdy.

Ýermak beýannamasynda “Zelenskiýiň liderligi döwründe hiç kim biziň ýer bermegimize garaşmasyn. Ol ýerleri asla bermeris”diýdi.

Ýermak, Ukrainanyň rus güýçleri tarapyndan ele geçirlen topraklaryndan asla ýüz öwürmejekdiklerine ünsi çekdi.

Ýermagyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Ukrain güýçleri Russiýanyň öz territoriýasy hökmünde yglan eden sebitlerinden çekilen halatynda Moskwanyň hüjümlerini bes etjekdigi, şeýle bolman halatynda rus güýçleriniň şol ýerleri zor bilen ele geçirjekdigi hakyndaky duýduryşyndan soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Gyrgyzystana guran saparynyň çäginde beren beýannamasynda “Ukrain güýçleri rus sebitlerini terk eden halatynda çaknyşyklary bes ederis, şeýle bolman halatynda harby hüjümler arkaly şol ýerleri alarys” diýipdi.

Russiýa häzirki wagtda Ukrainanyň territoriýasynyň 1/5 bölegine gözegçilik edýär we basyp alyşlyk astyndaky ýerleriň statusy parahatçylyk etabynyň öňündäki esasy bökdençliklerden biri bolmaga dowam edýär.

ABŞ-nyň parahatçylyk meýilnamasy

Resmi Waşington 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin tagalla edýär.

ABŞ-nyň resmileri garaşylmadyk ýagdaýda çaknyşýan taraplara täze parahatçylyk meýilnamasyny hödürledi.

ABŞ-nyň Ýewropaly ýaranlarynyň garaýşy alynmazdan taýarlan meýilnamasy Ukrainanyň gündogar Donesk sebitinden çekilmegini we ABŞ-nyň Donesk, Krym we Lugansk sebitlerini rus topragy hökmünde ykrar etmegini göz öňünde tutýar.

Ukraina Russiýanyň basyp alyşlygyny legallaşdyrjak haýsydyr bir teklibi kabul etmejekdigini mälim etdi.

 

 

 

Öwren
"Eýran zerur import önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sebitiň liderleri bilen duşuşar"
Russiýa bilen Owganystan harby hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň Kuweýtdäki howa bazasyny nyşana alandygyny aýtdy
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi
Geljek hepdeler Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk tapgyry üçin örän möhüm bolar
Eýran baýlaşdyrylan uranyň ABŞ bilen gepleşikleriň gün tertibinde bolmandygyny aýtdy
ÝB Russiýanyň duýduryşlaryna garamazdan, Kiýewdäki diplomatlaryny yzyna çekmejekdigini aýtdy
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran soňky howa hüjümlerinde ýene-de 17 adam ýogaldy
Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
Russiýa daşary ýurtlylary we diplomatlary Kiýewi terk etmäge çagyrdy
Britaniýanyň Goranmak ministriniň uçary Russiýanyň  golaýynda signallaryň bozulmagyna sezewar boldy
Eýran ýadro ýaragyna eýe bolmak islemeýändigini nygtaýar
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi
Russiýa Ukraina garşy giň gerimli ballistik raketa hüjümini amala aşyrdy
Tramp Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygynyň umuman maslahatlaşylandygyny aýtdy
Ýakyn Gündogardaky urşa garamazdan, Haj parzyny ýerine ýetirýänleriň sany 2025-nji ýyldakydan geçdi
Kataryň we Müsüriň Daşary işler ministri sebitara wakalar hakynda pikir alyşdy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Hytaýda kömür käninde bolan partlamada 82 adam ýogaldy
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy