DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi, alty palestinalyny ýaralady
Ysraýylyň harby güýçleri 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda baglaşylan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünini bozmagyny dowam etdirip, Jabaliýadaky metjidiň golaýynda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady
Ysraýyl Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi, alty palestinalyny ýaralady
Ysraýyl Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi, alty palestinalyny ýaralady

Saglygy goraýyş çeşmeleri “Anadoly” habarlar agentligine beren maglumatynda Ysraýylyň Gaza şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Şeýh Rydwan etrabynda asuda ilaty nyşana alan hüjüminde bir palestinalynyň ölendigini we azyndan üçüsiniň ýaralanandygyny habar berdi.

Şaýatlaryň habar bermegine görä, Ysraýyl uçarmansyz howa ulagy bilen şol etrapçadaky Birinji Köçe çatrygynyň golaýynda ýygnanan raýatlara raketa bilen hüjüm gurady.

Mundan öň bolsa, Ysraýylyň harby güýçleri Jabaliýa bosgun düşelgesiniň al-Huja diýilýän ýerine ot açyp, ýene bir palestinalyny öldürdiler.

Saglygy goraýyş toparlary ýogalan palestinalynyň jesedini Gaza şäheriniň günbataryndaky Şypa hassahanasyna alyp gitdiler.

Başga bir wakada saglygy goraýyş çeşmeleri we şaýatlar, Jabaliýa etrabyndaky Ömeri metjidiniň golaýynda asuda ilaty nyşana alan uçarmansyz howa ulagynyň hüjüminde üç palestinalynyň, şol sanda bir çaganyň ýaralanandygyny tassykladylar.

Gazadaky hökümetiň metbugat edarasy Ysraýylyň ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünini 2400 gezek bozandygyny, şol sanda öldürmeler, tussag etmeler, blokada çäreleri we açlyk syýasaty arkaly bozandygyny aýan etdi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, Ysraýylyň ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri 809 palestinaly öldi we 2267 palestinaly bolsa ýaralandy.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýyl Gazadaky genosid urşunda aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 72500-den gowrak palestinalyny öldürdi we 172000-den gowrak palestinalyny ýaralady.

Ysraýyl sebitiň köp bölegini weýran etdi we tutuş ilatyny ýaşaýan ýerlerinden göçürdi.