Medinäniň golaýynda bolan awtobus heläkçiliginde 45 hajy ýogaldy

Saud Arabystanynyň mukaddes Medine şäheriniň golaýynda bolan awtobus heläkçiliginden diňe 1 adamyň halas bolandygy bellenildi.

By
Medinäniň golaýynda bolan awtobus heläkçiliginde 45 hajy ýogaldy / AFP

Hindistanly hajylary alyp barýan awtobusyň duşenbe güni Saud Arabystanynyň mukaddes Medine şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Hindistan tarapyndan berlen beýannamada, awtobus heläkçiliginde azyndan 45 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Waka Saud Arabystanynda soňky ýyllarda bolan iň uly heläkçiliklerden biri hökmünde bellige alyndy.

Täze Deli gynanç bildirdi

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi duşenbe güni sosial media arkaly beren habarnamsynda heläkçilige uly gynanç bildirýändigini mälim etdi.

Premýer-ministr Modi Hindistanyň ilçihanasynyň Saud Arabystanly ýolbaşçylar bilen birlikde işleşýändigini nygtady.

Modi X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Medinede Hindistanyň raýatlaryny alyp barýan awtobusyň heläkçilige uçramagyna uly gynanç bildirýärin. Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Premýer-ministr Modi, “Heläkçilikde ýaralananlara şypa dileýärin, olar üçin doga edýärin. Riýatdaky ilçihanamyz we Jidde şäherindäki konsullygymyz mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýip belledi.