Amerikanyň CNN tele ýaýlymynyň geçiren barlagy, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň Amerikanyň sebitdäki harby bazalaryna uly zeper ýetirendigini açyk aýdyň görkezdi.
CNN ABŞ bilen Aýlag ýurtlarynyň çeşmelerine esaslanýan habarynda, 28-nji fewraldan bäri Eýranyň guraýan hüjümleri sebäpli ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky azyndan 16 harby bazasyna uly zeper ýetirlendigini habar berdi.
Habarda hüjümler sebäpli käbir harby bazalaryň hatardan çykandygy nygtaldy.
Eýranyň hüjümlerinde umuman alnanda sebitiň çar tarapynda ýerleşýän döwrebap radar ulgamlarynyň, raketa goranyş ulgamlarynyň we uçarlaryň nyşana alynandygy nygtaldy.
Hüjümler sebäpli Amerikanyň İordaniýada ýerleşýän THAAD radar ulgamlaryna we Birleşen Arap Emirliklerindäki käbir desgalardaky radar ulgamlaryna zeper ýetirildi.
CNN mundan başgada Eýran tarapyndan Saud Arabystanynda ýerleşýän howa bazasyna guralan hüjümde Amerika degişli Boeing E-3 uçarynyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Pentagonyň resmileri geçen hepde Kongresde eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümleriniň gymmatynyň 25 milliard dollara barabardygyny mälim edipdi.
CNN we CBS Nýus ýaly Amerikanyň tanymal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Eýran söweşinin jemi gymmatynyň azyndan 50 milliard dollara barabardygyny öňe sürýär.










