Ukrainanyň resmi wekiliýeti parahatçylyk gepleşikleri üçin ABŞ-na geldi
Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi gepleşiklerde howpsuzlyk kepilligi we söweşden soň ýurduň gaýtadan dikeldilmegi meselesiniň seljeriljekdigini aýtdy.
Ukrainanyň adyndan gepleşikleri alyp barýan resmi wekiliýet şenbe güni Russiýa bilen 4 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi maksady bilen Trampyň adminstrasiýasy bilen geçiriljek gepleşikler üçin ABŞ-na geldi.
Wekiliýet ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wekili Stiw Witkof we giýewsi Kuşner bilen duşuşar.
Gepleşikler Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň 4-nji ýylynda Maýamide geçirler.
Ukraina ýaranlaryndan howpsuzlyk kepilligini talap edýär.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň kömekçisi Kyrylo Budanow sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, “Rustem Umerow we Dawid Arakhamia bilen birlikde parahatçylyk şertnamasy hakynda giňişleýin pikir alyşmak üçin ABŞ-na geldik” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, II jahan urşundan soň Ýewropanyň iň uly we agyr söweşi hökmünde häsiýetlendirlen çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin taraplara basyş edýär.