Hamas Ysraýylyň asuda ilata guraýan hücümlerini azaldandygy bardaky myşmyşlaryna garamazadan gabaw astyndaky Gazada zenanlar we çagalar bilen bilelikde ýene-de 70 palestinlini howa hücümlerinde öldürendigini beýan etdi.
Palestiniň söweşceň topary Hamasyň beýanatynda; “Bu dowam edýän pacygaly hücüm, harcy cenaýatçy Netanýahunyň adminstrasiýasynyň goragsyz ilata garşy geçirýän harby operasiýalaryny azaldandygy hakyndaky ýalanlaryny görkezýär” diýilýär.
Hamas halakra cemgyýetçiligi bilen arap we musulman ýurtlaryny palestinlileri goramaga, kömek bermäge we Gazada iki ýyldan bäri dowam edýän “ýok etme urşuny” we açlygy togtatmak üçin gysyşy artdyrmak üçin kanuny we gumanitar “borçlaryny” berýcaý etmäge çagyrdy.
Gazadaky Media ofisinden berilen beýannamada Ysraýylyň goşunynyň 93 howa hücümini gurandygy we 47 sanysy Gazada cemi 70 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Bu hücümler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň anna güni Hamasyň ylalaşyk teklibiniň çäginde ysraýylly ýesirleri boşatmağa taýýardygyny beýan etmeginden soň Ysraýyla “Gazany bombalamagy dessine bes etmek” boýunça çagyryşyndan soň guraldy. Tramp Hamasyň “durnukly parahatçylyga taýýardygyna” ynanýandygyny beýan etdi.
Müsüriň hökümeti şenbe güni beren beýannamasynda Trampyň Gzadaky urşy bes etmek hakyndaky meýilnamasynyň çäginde ýesir çalşygy hakynda pikir alyşmak üçin ýekşenbe güni Ysraýylyň we Hamasyň wekiliýetlerini kabul etcekdigini habar berdi.
Tramp 29-ncy sentýabrda Ysraýylyň kabul etmeginden soň 72 sagadyň dowamynda ysraýylly ýesirlerin boşadylmagyny, atyşygyň bes edilmegini we Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny öz içine alýan 20 maddalyk maksatnamasyny beýan edipdi.
Ysraýylyn genosidi
Tel-Awiw Gazada 20 sanysy diri 48 ysraýylly ýesiriň bardygyny çaklaýar. Beýleki tarapdan Ysraýyl Palestiniň we Ysraýylyn adam hukuklaryny goraýycy toparynyň beýan etmegine görä açlyk çekýän hem-de lukmançylyk üpcünçiliginden mahrum 11,100 palestinli ýesiri elinden tutýar.
Ysraýyl häzirki wagta çenli gabaw astyndaky Gazada esasy bölegi Zenanlardan we çagalardan ybarat 67 müňden gowrak palestinlini öldürdi. Şäheri habaralyga öwüren Ysraýyl ilaty tas dolulygyna ýerinden mahrum etdi.








