TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Türkiye DKTR-daky gämi heläkçiligi bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi
Dereksiz ýiten 18 adamy tapmak üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Türkiye DKTR-daky gämi heläkçiligi bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi
Türkiye DKTR-daky gämi heläkçiligi bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Kiriniýa portundan çykyp, Mersiniň Taşuju portuna barýan ýolagçy gämisiniň batmagy netijesinde bolan adam pidalaryna çuňňur gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligi DKTR-nyň suw giňişliginde ýolagçy gämisiniň batmagy bilen baglanyşykly ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda: "Şu gün Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) Kiriniýa portundan Mersiniň Taşuju prtuna barýarka ýolagçy gämisiniň batmagy netijesinde başdan geçirlen heläkçilikde bolan adam pidalaryna çuňňur gynanç bildirýäris. Heläkçilikde ýogalan adamlara Alladan rehim we olaryň maşgala agzalaryna, milletimize we DKTR-nyň halkyna gynanç bildirýäris" diýildi.

Beýanatda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň resmileri tarapyndan geçirilýän işjeň gözleg we halas ediş işleriniň Türkiýäniň doly goldawyna eýe bolandygy we gözleg we halas ediş işlerine Türkiýeden iki dikuçaryň, iki gaýygyň we suwbaz toparyň, şeýle hem Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeliginiň iki gämisiniň gatnaşýandygy bellenildi.

Beýanatda, mundan beýläk-de adam ýitgileriniň öňüni almak we ýiten adamlary tapmak üçin edilýän tagallalaryň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň resmileri bilen ýakyn utgaşyklylykda we hyzmatdaşlykda dowam edýändigi bellenildi.

DKTR-nyň suw giňişliginde batan gämi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Kiriniýa porty bilen Mersiniň Taşuju portunyň arasynda gatnaýan ýokary tizlikli ýolagçy gämisi "Filo Jet" günortan Kiriniýadan ugrandan gysga wagt soň batdy.

Gämi Kiriniýa portuna gaýdyp barmaga synanyşanda dolulygyna batdy. Gämidäki 267 adamyň, şol sanda 259 ýolagçynyň we 8 ekipaž agzasynyň 241-si halas edildi, 8-si bolsa ýogaldy.

Dereksiz ýiten 18 adamy tapmak üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Öwren
DKTR-da bolan gämi heläkçiligi bilen baglanyşykly Içeri işler ministrliginiň beýanaty
Gyrgyz Respublikasy Hytaýyň gyrgyz raýatlary üçin wiza ýeňilligini döretmegine kanagabilen garşylady
TRT-den Gazagystana metbugatda emeli aň boýunça okuw maksatnamasy
"Mekge Bilelikdäki Goranmak Ylalaşygy bilen Türki Dünýäsiniň Günorta Koridory kepillik astynda”
Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Karsa uçar gatnawlary başlandy
Türk we gazak mugallymlary Astanada duşuşdylar
Türkmenistan Hazar deňzinde Eýran gämisine guralan hüjümiň "ýol berilmesizdigini" beýan edýär
Gyrgyz Respublikasy bilen Belarus söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maksat edinýär
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi
Bişkekdäki ŞHG-nyň Işewürler forumynda 150 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi
Kurtulmuş Bakuda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşdy
ÝB we Gazagystan awiasiýa, möhüm çig mal we wiza ýeňiligi boýunça ylalaşyklara gol çekdiler
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Tokaýew Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň kazyýet organlarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkiýe Gazagystanyň belgisi bolan ulaglara halkara ýük daşamak ygtyýarnamasyny berýär
Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz CONIFA-nyň çempiony DKTR-ny gutlady
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmegi sebitara howpsuzlyk taýdan möhüm
TBMM-nyň Başlygy Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk Gününi gutlady
Hakan Fidan TDG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatyna gatnaşar