TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogana Toggyň T10F modeli gowşuryldy
Türkiýäniň elektrikli awtomobilini öndürýän firma Togg, ilkinji T10F modelini Prezident Erdogana dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Prezident Erdogana Toggyň T10F modeli gowşuryldy
September 13, 2025

Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän awtomobilini öndürýän firma Togg täze T10F modeligi Prezident R. T. Erdogana gowşyrdy.

Ulagyň gowşurlyş dabarasynda Prezident Erdogana ulagyň dizaýny, özboluşlylygy we tehnalogiýasy hakynda maglumat berildi.

Toggyň ýolbaşçylary dolulygyna elektrik togy bilen işleýän ulagy dabaraly ýagdaýda Prezident Erdogana gowşurdy.

T10F hakynda doly magluman alan Prezident Erdogan täze ulagy synagdan geçirdi.

Synag sürüşinden soň Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen Toggyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly Prezident Erdogana ýädigärlik sowgat gowşurdy.

Türkiýe Respublikasynyň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran hem Toggyň täze T10F modeliniň Prezident Erdogana gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Burhanettin Duran dabarada eden çykyşynda hökümetiň Türkiýäniň ýerli awtomobil senagatyna goldaw berýändigini nygtady.

Euro NCAP synaglarynda 5 ýyldyz

Togg täze T10F modeliň alynky sargytlarynyň Türkiýede 15-nji sentýabrda, Germaniýada bolsa 29-njy oktýabrda başlajakdygyny mälim etdi.

T10X hemde Toggyň täze T10F modeli Euro NCAP howpsuzlyk synaglarynda iň ýokary 5 ýyldyz derejesini aldy we Ýewropa bazarlaryna girmäge hukuk gazandy.