DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp ABŞ-nyň Nigeriýa harby operasiýa gurap biljekdigini duýdurdy
ABŞ-nyň Prezidenti “Goranmak ministrligimize ähtimal operasiýa üçin taýýarlyk görmegi buýurýaryn” diýdi.
Tramp ABŞ-nyň Nigeriýa harby operasiýa gurap biljekdigini  duýdurdy
Tramp ABŞ-nyň Nigeriýa harby operasiýa gurap biljekdigini duýdurdy
2 Noýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Afrikanyn iň köp ilatly ýurdy Nigeriýada hristianlaryň öldürilmegi bes edilmän halatynda ABŞ-nyň harby güýçlerini “ýaraglary bilen bilelikde” Nigeriýa ugratjakdygyny beýan etdi.

Respublikaçy lideri şenbe güni “Trut Sosial” platformasy arkaly beren habarnamasynda Pentagonyň ähtimal hüjüm meýilnamasyny taýýarlamagyny isländigini mälim etdi. Bu habarnamada Trampyň bir gün ozal hristianlyga Nigeriýada “ýok bolma howpunyň” abanýandygyny aýtmagyndan soň berildi.

“Eger-de Nigeriýanyň hökümeti hristianlaryň öldürilmegine ýol bermäge dowam etse, ABŞ berýän kömegini we goldawyny dessine bes eder hem-de indi ygtybaryny ýitiren ýurda “ýaraglar bilen üpjün görnüşde barmagy ýokary ähtimallykdyr” diýdi.

“Goranmak ministrligimize ähtimal operasiýa üçin taýýarlyklar görmekleri üçin görkezme berdim. Eger-de hüjüm etsek, ol çalt, güýçli we netijeli bolar. Terrorçylaryň biziň gymmatly hristianlarymyza hüjüm edişi ýaly” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti bu habarnamasyny: “Duýduryş: Nigeriýanyň Hökümeti Gyssagly Hereket Etse Gowy Bolar!” diýip, tamamlady.

Bilermenler Nigeriýada hem hristianlaryň hem-de musulmanlaryň tapawut goýulmazdan öldürilýändigini, ýurtda köp sanly çaknyşygyň başdan geçirilýändigini beýan edýär.

Tramp anna güni beren habarnamasynda; “münlerçe hristianyn öldürilendigini” öňe sürüp, käbir radikallaryň şol “köpçülikleýin gyrgynçylykdan” jogapkärdigini öňe sürüpdi.

Hristianlara zorluklaryň edilýändigi hakynda günäkärlemeler geçmişde pajygaly netijelere sebäp bolan we henizem ýurduň syýasatyny ugrukdyrýan etniki, dini we sebitleýin bölünşikleri başdan geçirýän Nigeriýada käbir gatlaklar tarapyndan hem beýan edilýär.

Nigeriýa, ilatynyň tas deň derejede esasy bölegi musulman demirgazyk we esasy bölegi hristianlardan ybarat günorta hökmünde ikä bölünýär.

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy