DÜNÝÄ
1 minut okamak
Indoneziýada 7,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Flores adasynda bolan ýer titremesinde 20 adam ýogaldy, halk sunami howpy sebäpli depelere gitdi.
Indoneziýada 7,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Flores adasynda bolan ýer titremesinde 20 adam ýogaldy, halk sunami howpy sebäpli depelere gitdi. / Reuters

Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän Flores adasynyň golaýynda 7,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýolbaşçylaryň beren sunami duýduryşyndan soň müňlerçe adam dowla düşdi we depelere tarap gaçmaga başlady. Ýer titremesi sebäpli 20 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Şenbe güni bolan ýer titremesiniň merkezi hasaplanylýan Nagekeo etrabynyň ýaşaýjylary sunaminiň alamaty hökmünde kabul edilýän deňiziň suwynyň çekilmegi bilen birlikde belent depelere tarap ylgady.

Amerikaly we Indoneziýaly resmiler ýer titremesiniň adanyň demirgazyk kenarynda Ende etrapçasynyň 68 kilometr demirgazyk günbatarynda bolandygyny habar berdi.

Ilkinji ýer titremesinden soň şol sebitde 6,1 bal ululygynda ýer  birnäçe ýer titremesi boldy.

Ewakuasiýa çagyrşy

Indoneziýanyň Geofizika gullugy, ýer titremesinden soň sunami tolkunlary barada duýduryş berdi we halka belent ýerlere gitmekleri barada çagyryş etdi.

Milli Apat gullugynyň resmisi Abdul Muhari “Floresiň demirgazygynda we günortasynda ýaşaýan ýaşaýjylarymyza gyssagly sebiti terk etmekleri üçin çagyryş edýäris” diýdi.

Muhari ýerli Kompas teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Ýaşaýjylar adanyň kenaryndan çetde durmaly ýada 10 kilometr alysdaky depelere gitmeli” diýip belledi.

 

Öwren
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi
Gresiýa Gazadaky genoside garamazdan Ysraýyl bilen 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar