Uçar heläkçiliginde ýogalan liwiýaly harby wekiliýet üçin Ankarada harby çäre geçirildi

Türkiýe Ankarada uçar heläkçiliginde ýogalan liwiýaly harby ýolbaşçylara gynanç bildirýär.

By
Uçar heläkçiliginde ýogalan liwiýaly harby wekiliýet üçin Ankarada harby çäre geçirildi / AA

Türkiýede şenbe güni paýtagt Ankarada uçar heläkçiliginde ýogalan Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Muhammed Ali Al Haddadynyň ýolbaşçylygyndaky harby wekiliýetiň tabytlarynyň Libiýa ugradylmagyndan öň harby çäre geçirdi.

Liwiýaly harby wekiliýeti alyp barýan kiçi uçar 23-nji dekabrda paýtagt Ankarada heläkçilige uçrapdy.

Uçar heläkçiliginde 5-i harby ýolbaşçy, 3-i ekipaž bolmak bilen jemi 8 adam ýogalypdy.

Mürted harby howa bazasynda geçirlen harby çärede hormatly dymyşlyk edildi, uçar heläkçiliginde ýogalanlar üçin Gurhan okaldy we doga edildi.

Merhumlaryn atlarynyň okalmagyndan soň liwiýaly wekiliýetiň tabytlary ýörite uçar bilen Liwiýa ugradyldy.

Harby çärä Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Selçuk Baýraktarogly, Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Metin Tokel, Deňiz güýçleriniň serkerdesi Erjument Tatlyoglu, Liwiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Elegalib bilen birlikde merhumlaryň hossarlary gatnaşdy.

Uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň arasynda Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Muhammed Ali Al Haddad bilen Liwiýanyň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Futuri Gribel hem bardy.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Selçuk Baýraktarogly, Liwiýaly harby wekiliýetiň tabytlarynyň ýurtlaryna ugradylmagyndan soň ol ýerde geçiriljek harby çärä gatnaşmak üçin Liwiýa gitdi.