Türkiýe DKTR-na 6 sany F-16 uçaryny ugratdy we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy
Türkiýe sebitara dartgynlyklaryň we howplaryň artmagy sebäpli DKTR-na harby uçar ugratdy we goranyş goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna 6 sany F-16 harby uçaryny ugradandygyny we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrandygyny habar berdi.
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli DKTR-nyň howpsuzlygynyň güýçlendirilmegi baradaky tapgyrlaýyn meýilnamalaşdyryş işleriniň çäginde şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.
Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň çäginde şeýle kararyň kabul edilendigi we zerur halatynda goşmaça çäreleriň görüljekdigi” nygtaldy.
Beýannamada, sebitara dartgynlyklar möwjän halatynda Demirgazyk kipr türkleriniň howpsuzlygynyň güýçlendiriljekdigine üns çekildi.
Beýannamada Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümleri sebäpli Gündogar Ortaýer deňzindäki durnuksyzlygyň artýandygy bellenildi.
Kipriň grek böleginde Britaniýa degişli harby baza ýerleşýär.
Türk esgerleri 1983-nji ýylda gurlan we Türkiýe tarapyndan ykrar edilen DKTR-da uzak ýyllardan bäri iş alyp barýar.
Türk esgerleri 1960-njy ýyldaky Hemaýatkärlik şertnamasynyň çäginde Ankara hemaýatkärlik statusynyň berilmeginiň esasynda adada iş alyp barýar.